Sepleriň elýeterliligi

Ermenistan Türkiýe bilen syýasy gepleşiklere başlar


Düýn Ermenistan Türkiýe bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak meselesi boýunça şu hepde syýasy gepleşiklere başlamaklygy planlaşdyrýandygyny mälim etdi.

Bu barada Ermenistanyň prezidentiniň metbugat sekretary Samwel Farmanýan «Frans-Press» habar agentligine beren interwýusynda prezident Serž Sarkisýanyň hepdäniň penşenbe güni bu mesele barada ýurduň syýasy toparlarynyň liderleri bilen özara pikir alyşjakdygyny aýtdy.

Awgust aýynda Ermenistanyň we Turkiýäniň häkimiýetleri ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak we iki ýurduň serhetlerini açmak meselesi boýunça deslapky ylalaşyklara gelnendigini yglan edipdiler.
XS
SM
MD
LG