Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazadaky harby operasiýada söweş jenaýatçylygy bolupdyr


Düýn Birleşen Milletler guramasy öz ýaýradan raportynda şu ýylyň başynda Gaza Sektorynda geçirilen harby operasiýalary wagtynda Ysraýylyň harby güýçleriniň uruş jenaýatçylygyny hem-de adamzada garşy jenaýatçylyklary amala aşyrandyklaryny görkezýän faktlaryň ýüze çykarylandygyny öňe sürdi.

Birleşen Milletler guramasy özüniň bu baradaky raportynda Ysraýylyň güýçleriniň Gaza Sektorynda parahat ýaşaýjylaryň az ýitgi çekmegi barada alada etmän, eýsem parahat ýaşaýjylara garşy bilkastlaýyn hüjüm edendiklerini belleýär.

BMG-niň bu raportyndaky aýdylýanlary Ysraýyl düýn haýdan-haý ret etdi. Hususan-da, Ysraýylyň resmileri Birleşen Milletler guramasynyň wekilleriniň Hamasyň Ysraýyla garşy amala aşyran raketa hüjümlerini hasaba almandyklaryny aýdyp, BMG-niň bu raportynyň birtaraplaýyn raportdygyny öňe sürdüler.
XS
SM
MD
LG