Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti ukrainaly kärdeşi bilen duşuşdy


Düýn prezident Berdimuhamedow Türkmenistana sapar edýän Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýuşenko bilen duşuşyp, gepleşik geçirdi.

Duşuşygyň barşynda öz minnetdarlygynyň nyşany hökmünde ukrain prezidenti Ýuşenko prezident Berdimuhamedowa onuň ukrain dilinde çapdan çykan «Ahalteke aty biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr» atly kitabynyň bir nusgasyny oňa sowgat berdi.

Ukrain lideri öz ýurdunda türkmen prezidentiniň bu kitabynyň uly meşhurlykdan peýdalanýandygyny aýtdy – diýip, Türkmen Döwlet habarlar gullugy öz maglumatynda ýazýar.

Düýn bu duşuşygyň yzy bilen iki döwletiň liderleriniň hem-de Türkmenistanyň we Ukrainanyň hökümet resmileriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn gepleşikler dowam etdi. Bu gepleşikleriň netijesinde-de Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyklara degişli birnäçe dokumente gol çekildi.

Soňra prezident Ýuşenkonyň ýolbaşçylygyndaky ukrain delegasiýasynyň agzalary Gypjakda ýerleşýän Saparmyrat Niýazowyň maşgala mawzoleýine sapar edip, Türkmenistanyň ozalky awtoritar lideriniň guburyna gül desselerini goýdular.
XS
SM
MD
LG