Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede gozgalaňçydygy şübhe edilen 3 adam tussag edildi


Türkiýäniň howpsuzlyk güýçleriniň aýtmagyna görä, 2003-nji ýylda El-Kaýda topary tarapyndan amala aşyrylanlygy aýdylan partlama bilen baglanşygy barlykda gümän edilýän 3 adam tussag edildi.

Olaryň Ystambulda ele salynanlygy aýdylýar. Mälim bolşuna görä, 2003-nji ýylda bomba ýüklenen maşynlar arkaly Ystambulda ýerleşýän ýewreýleriň ybadathanalaryna hüjüm edilipdi. Şol wakada 20 töweregi adam heläk bolupdy.

Şol gün Ystambulyň merkezinde ýerleşýän HSBC bankynyň binasyna-da hüjüm edilipdi. Bu wakada bolsa 30 töweregi adam wepat bolupdy. Şol partlamalar bilen baglanşygy barlykda gümän edilip tussag edilen adamlardan 7-si, bir eyýam ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.
XS
SM
MD
LG