Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň ýokary derejeli delegasiýasy Aşgabada bardy


Ýewraziýa internet sahypasynyň maglumatyna görä, Ýsralýylyň ýokary derejeli delegasiýasy Aşgabada baryp, şol ýerde Türkmenistanyň Içeri we Daşary işler ministrliklerinde duşuşyk geçirýär.

Mälim bolşuna görä, Ysraýyl amatly bina we ýer tapylan ýagdaýynda Aşgabatda öz ilçihanasyny açjakdygyny maý aýynda yglan edipdi.

Bu ilçihana, Ysraýylyň, Eýranyň iň ýakynda ýerleşýän wekilhanasy bolar. Sebäbi Aşgabat Eýranyň serhet linýasynyň 32 kilometr golaýynda ýerleşýär.

Ysraýylyň bu delegasiýasyna ýurduň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Ýewropa we Ýewraziýa bölüminiň ýolbaşçysynyň orunbasary Pinças Awiwi ýolbaşçylyk edýär.

Jenap Awiwi mundane öň, Ysraýylyň Türkiýedäki ilçisi bolup hem işläpdi.
XS
SM
MD
LG