Sepleriň elýeterliligi

Groznyda bolan partlamada 3 adam ýaralandy


Çeçenistanyň paýtagty Groznyda, janyndan geçen bir bombaçy zenan tarapyndan amala aşyrylan partlamada iki polisiýa ofiseri bilen bir hatarda bir parahat graždan ýaralanypdyr.

Howpsuzlyk güýçleriniň aýtmagyna görä, bu waka paýtagt Groznyda ýerleşýän bir polisiýa edarasynyň golaýynda bolupdyr. Mälim bolşuna görä, 1990-njy ýyldan soňra, separatist çeçen söweşijileri bilen rus goşuny iki gezek çaknaşdy.

Soňky aýlaryň dowamynda, Orsýetiň demirgazyk kawkaz regionynda yslamçy söweşijiler bilen Kremliň tarapyny tutýan ýerli ýolbaşçylaryň arasynda çaknaşyklar barha möwjeýär.
XS
SM
MD
LG