Sepleriň elýeterliligi

Amerikaly wekil Ysraýlyň premiýer ministry bilen anna güni duşuşar


Birleşen Ştatlaryň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Jorj Mişel Ysraýylyň, Palestinada täze ýaşayýş jaýlaryny gurmak baradaky planyny doňdurmak meselesi boyunça, Ysraýylyň premýer-ministri bilen geçirýän duşuşyklaryny anna güni hem dowam etdirer.

Mälim bolşuna görä, Ysraýylyň Palestinanyň Ýurdan Derýasynyň günbatar kenarynda ýewreýlere gönükdirip gurýan ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy togtatmagy, Palestina bilen bu ýurduň arasynda geçirilýän gepleşikleriň gaýtadan başlamagy üçin zerurdyr.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň şu aýyň aýagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu Ýorkda geçiriljek ýygnagynyň çäginde, Palastinanyň prezidenti Mahmud Abbas bilen Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netenýahuny duşuşdyrmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG