Sepleriň elýeterliligi

Barosso Ýewrokomissiýanyň ýolbaşçylygyna ikinji gezek saýlandy


Žoze Manual Barosso Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçsy wezipesine ikinji gezek saýlandy. Bu barada 718 agzadan ybarat Ýewropa Parlamentinde geçirilen ses berlişikde, ony 382 deputat goldady.

Žoze Manuel Barossa 219 deputat garşy çykdy, 117 deputatyň bolsa şol ses berlişige gatnaşmanlygy aýdylýar.

Portugaliýanyň öňki premýer-ministri bolan Barosso, ilkinji gezek 2004-nji ýylda komissiýanyň ýolbaşylygyna saýlanypdy.
XS
SM
MD
LG