Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ors goşuny Günorta Kawkaza ýerleşer


Ylalaşyga laýyklykda Orsýet Abhaziýa we Günorta Osetiýada harby baza döreder.
Ylalaşyga laýyklykda Orsýet Abhaziýa we Günorta Osetiýada harby baza döreder.

Moskwa bilen Tbilisi arasynda dartgynly ýagdaýyň gaýtadan ösmegi nitejesinde 15-nji sentýabrda Orsýet Abhaziýa we Günorta Osetiýa bilen harby hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi. Orsýet Gara deňizde mundan beýläk Gürjüstanyň gämilerini ýok etmekçidigini aýdyp, haýbat atýar.

15-nji sentýabrda Orsýet Gürjüstandan bölünip aýrylan Abhaziýa we Günorta Osetiýa bilen bilelikdäki harby goranyş baradaky ylalaşyga gol çekdi. Şol esasda Orsýet bu regionda harby baza döreder we öz harbylaryny bu regionda ýarym asyrlap saklamaga mümkinçilik alar.

Gürjüstanyň harby-deňiz güýçleri Gara deňizde Abhaziýa ýük getiren gämilere hüjüm edenden soň, Abhaziýanyň kenarlaryna gelen gürji gämileriniň saklanyljagy hakda Orsýet duýduryş etdi.

Orsýetiň goranmak ministri Anatoliý Serdýukow Moskwada bu harby ylalaşyga abhaz we günorta osetin kärdeşleri Merab Kişmaria we Ýuriý Tanaýew bilen gol çekişdi.

“Bu ylalaşygyň maksady Günorta Osetiýa we Abhaz halkyny goramak” diýip, Orsýetiň goranmak ministri aýtdy. 2008-nji ýyldaky Orsýet-Gürjüstan urşundan soňra bu iki region Gürjüstandan bir taraplaýyn öz garaşsyzlygyny yglan etdiler. Gürjüstanyň parlamentinde territorial bütewiligi gaýtadan dikeltmek boýunça komitetiň başlygy Şota Malaşhia bu ylalaşyk konfliktleriň artmagyna ýol açar diýip, ony tankyt etdi.

«Tendensiýanyň ösmeginde bu esasy sebäp hem alada hasaplanylýar. Orsýet hakyky agressiýa hereketlere baş goşmaga ukyply, ýöne Abhaziýanyň muňa ne ukyby bar, ne-de islegi, meniň pikirimçe, Orsýet bu işi bilen kiçi derejeli prowokasiýalara uly möçberdäki harby hereketden köpräk üns berýänligini görkezýär» diýip, Malaşhia aýtdy.

49 ýyllap 1.700 harby saklanar

Gelnen ylalaşyga laýyklykda, Orsýete 49 ýyllap bu iki territoriýada öz 1.700 sany harbysyny saklamaga rugsat berilýär. Orsýetiň Abhaziýadaky harby bazasy Gara deňizdäki Gudauta port şäherçesine-da gözegçilik eder. Günorta Osetiýadaky rus harbylary bolsa, paýtagt Shinwalini gorarlar. Gelnen ozalky yalalşyga görä, Orsýet bu iki regionyň howa giňişligini goraýar hem-de olaryň harbylaryny türgünleşdirýär. Abhaziýanyň aýdyşy ýaly, Orsýet bu regionyň suw territoriýasyny-da gorar. Bu regionyň suw çäkleri bolsa, halkara kanunlary boýunça, Gürjüstanyň ygtyýarynda galýar.

Öz rugsady bolmazdan, Gürjüstan halkara derejesinde Abhaziýa bilen söwda etmäge gadagançylyk girizdi. Bu iş bilen Tbilisi seperatist regionyň ýoluny bent edip, ol ýere ýük daşaýan gämileri saklaýar. Muňa jogap hökmünde gozgalaňçy liderler Tbilisini regionyň ykdysady ýoluny baglamaga synanyşýanlykda aýplaýarlar. Şeýle-de, olar öz suw territoriýasyna giren gürji gämilerini ýok etjekdijkleri bilen haýbat atýarlar.

Interfaks habar agentliginiň Orsýet Federal serhet gullugynyň başlygynyň orunbasary Wiktor Trufanowa salgylanyp, berýän maglumatyna görä, Orsýetiň we Abhaziýanyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin gerekli ähli çäreler görler.

Gürjüstanyň serhet gullugynyň başlygy Zaza Gugawa bolsa “Tbilisi öz suw territoriýasynyň goralmagyny dowam etdirer” diýdi.
XS
SM
MD
LG