Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Owganystanda geçen saýlawlara şübhe bildirdi


Düýn Ýewropa Bileleşigi Owganystanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda berlen seslerden 1.5 milliona golaýynyň galp sesler bolmagy mümkin diýlip güman edilmegi üçin esaslaryň bardygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň saýlawlara gözegçilik ediji missiýasynyň başlygy Filipp Morillon bu barada Azatlyk radiosyna beren interwýusynda häzirki ýagdaýda kimdir-biriniň ýeňiji diýlip yglan edilmeginiň ýerliksiz boljakdyny belledi.

Emma saýlawlarda ýeňdi diýlip hasaplanylýan Hamyt Kerzeýiň saýlaw kampaniýasynyň resmileri Ýewropa Bileleşiniň synçylarynyň bu beýanatyny oýlanşyksyz beýanat diýip atlandyrdylar.

Owganystanyň saýlawlar baradaky şikaýatlara garaýan ýörite Komissiýasy bu barada karar çykarýança, ses sanawy gutarnykly tamamlandy diýlip hasaplanylmaýar.
XS
SM
MD
LG