Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ženewada gürji we ors resmileri gepleşik geçirerler


Şu gün Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Orsýet bilen Gürjüstanyň resmileri iki ýurduň arasyndaky howpsuzlyk meseleleri boýunça özara gepleşiklere başlarlar diýlip garaşylýar.

Geçen ýylyň awgustynda Günorta Osetiýa bilen baglanyşykly dawalar boýunça Gürjüstan bilen Orsýetiň arasynda ýüze çykan harby konflikt iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara has-da ýaramaz täsir edipdi. Şol ýaragly konfliktiň yzy bilen Orsýet Gürjüstanyň separatistik regionlary bolan Abhaziýa bilen Günorta Osetiýany garaşsyz döwletler hökmünde ykrar edipdi.
XS
SM
MD
LG