Sepleriň elýeterliligi

Guantanamo türmesindäkileriň sud işi 2 ýyla golaý yza süýşüriler


Düýn prezident Obamanyň administrasiýasy Guantanamo türmesinde terrorizmde güman bildirilip saklanýan tussaglara sud etmek çäresiniň ýene iki aýa golaý yza süýşüriljekdigini mälim etdi. Obamanyň administrasiýasy munuň sebäbini terrorizmde güman bildirilýän bu adamlara Birleşen Ştatlaryň öz sudlarynda sud ediljekdigi bilen düşündirdi.

Birleşen Ştatlaryň Kongresi bu tussaglara sud etmek boýunça täzeçe düzgünleri kabul etmekligi göz öňünde tutýar.

Häzirki wagt Birleşen Ştatlaryň garamagyndaky Guantanamo türmesinde 220-den gowrak tussag saklanýar.
XS
SM
MD
LG