Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşada Belorussiýanyň raýaty içalyçylykda aýyplanyp tussag edildi


Düýn Polşanyň sudy Belorussiýanyň raýaty Sýarheý Moniçi içalyçylykly işlerde günäli tapyp, ony 5.5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Suduň metbugat sekretary Woýsieh Malek 43 ýaşly Sýarheý Moniçiň 2005-2006-njy ýyllar aralygynda Polşanyň howpsuzlygyna degişli gizlin maglumatlary daşary ýurt razwedka gulluklaryna berenlikde aýyplanýandygyny aýtdy. Belorussiýanyň raýatynyň bu işi bilen baglanyşykly sud prosessi ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi we diňe suduň hökümi jemgyetçilige äşgär edildi.

Jenap Moniç 2008-nji ýylyň noýabrynda Litwada tussag edilip, Polşa ekstradisiýa edilipdi.

XS
SM
MD
LG