Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenesuela we Hytaý inwestisiýa boýunça ylalaşyga gol çekişdi


Düýn Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawez öz ýurdunyň nebit sektoryna geljek üç ýylyň dowamynda Hytaýyň 16 milliard dollar inwestisiýa ýatyrmagy barada ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekilendigini mälim etdi.

Bu wakadan bir gün öň Hugo Çawez Orsýetiň hem nebit kompaniýalarynyň Wenesuelanyň nebit sektoryny özleşdirmek we nebit önümçiligini artdyrmak maksatlary üçin 20 milliard dollar inwestisiýa ýatyrmaklyga razy bolandyklary barada beýanat bilen çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG