Sepleriň elýeterliligi

Yslamçy partiýanyň lideri dünýewi sistemany goldaýar


Muhiddin Kabiri: "Biz öz dini we syýasy mümkinçiliklerimizden peýdalanyp, adamlar, esasanam ýaşlar bilen, gepleşýäris we olaryň ekstremistik pikirlere eýermeginiň öňüni almaga çalyşýarys."

Muhiddin Kabiri: "Biz öz dini we syýasy mümkinçiliklerimizden peýdalanyp, adamlar, esasanam ýaşlar bilen, gepleşýäris we olaryň ekstremistik pikirlere eýermeginiň öňüni almaga çalyşýarys."

Merkezi Aziýada resmi taýdan hasaba alnan ýeke täk yslamçy partiýa bolan “Yslam Galkynyş Partiýasy”, 2010-njy ýylyň fewral aýynda geçiriljek saýlawlarda Täjigistanyň parlamentindäki orunlaryny köpeltmek isleýär. Polşada geçirilen 19-njy Ykdysady Forum wagtynda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň habarçysy Farangiz Najibullah, bu partiýanyň lideri Muhiddin Kabiri bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Şu günki gün “Yslam Galkynyş Partiýasy” Täjigistanyň 63 orunlyk parlamentinde iki orny eýeleýär. Partiýaňyzyň agzalarynyň umumy sany we düzümi barada gürrüň berseňiz?

Kabiri: Häzirlikçe biziň hasaba alnan 33 200 agzamyz bar, olaryň sany köpelýär. Geçmişde biz käbir oba ýerlerine wekilçilik edýän konserwatiw garaýyşly partiýa hökmünde tanalýardyk. Emma biz düýpli özgerdik. 1990-njy ýyllarda partiýamyzyň ýolbaşçylarynyñ arasynda uniwersitet bilimli diňe 2-3 adam bolan bolsa, häzirki wagtda partiýanyň 49 agzadan ybarat ýolbaşçylar geňeşiniň ähli agzalarynda ýokary bilimiñ diplomlary bar. Dürli ugurlardan birnäçe alymlar hem bar. Aýallar partiýa agzalarynyň 60 %-den gowragyny emele getirýärler. Partiýa agzalarynyň aglaba bölegi ýaşlardyr.

Azatlyk Radiosy: “Yslam Galkynyş Partýasy” Merkezi Aziýada resmi hasaba alnan ýeke-täk yslamçy partiýa bolup durýar. Bu sizi goşmaça jogapkärçilige çekýärmi ýa-da size bolan gözegçiligi güýçlendirýärmi?

Kabiri: Ýeke-täk yslamçy partiýa bolmaklyk uly jogapkärçiligi we köp kynçylyklary döredýär. Ýurduň içinde hem daşynda adamlar bize şübhe bilen garaýarlar. Şeýle şübheleri bilgeşleýin güýçlendirýän güýçler hem bar. Emma biz şeýle garaýyşlary üýtgetmäge çalyşýarys. Ýeke-täk yslamçy partiýa bolanymyz üçin bize Yslamyň ýa dinçi adamlaryň wekilleri hökmünde hem garaýarlar.

Biz her bir ädimi örän seresaplylyk bilen ädýäris. Sebäbi ýalňyşlyk goýberilse, bu musulmanlara we yslama bolan garaýyşlary ýaramazlaşdyrar. Dünýewi partiýalar tarapyndan ýalňyşlyk goýberilende, diňe şol partiýa ýazgarylýar. Emma biziň partiýamyz ýa haýsy-da bir agzamyz ýalňyşsa, şol ýalňyşlyk yslam dini bilen baglanyşdyrylýar. Biz muňa düşünýäris we ony kabul edýäris. Bu partiýamyzyň beýleki syýasy toparlardan tapwutlarynyň biri.

Azatlyk Radiosy: Käbir garşydaşlaryňyzyň aýdyşy ýaly, siziň Täjigistanda yslam döwletini ýa yslam respublikasyny döretmek niýetiňiz barmy?

Kabiri: Partiýamyz Täjigistanda dünýewi sistemany ykrar edýän ýurdumyzyň Konstitusiýasyny berjaý edýär. Üstesine-de sünni yslam dini hökümetler ideýasyny goldamaýar. Biziň ynanjymyza görä, hiç kim hudaýyň adyndan ýurdy dolandyrmaly däl. Ýurdy adamlar dolandyrmaly. Şonuň üçin biz yslam döwletini ýa respublikasyny döretmäge çalyşmaýarys. Ýöne biz yslam jemgyýetini döretmek isleýäris. Hökümet hem dindarlardan hem-de dinçi bolmadyk musulmanlardan düzülip bilner. Emma biziň iň esasy maksadymyz yslam gymmatlyklary esasynda ýaşaýan jemgyýeti döretmekden ybarat.

Azatlyk Radiosy: Regionda ekstremizmiň güýçlenýänligini aýtdyňyz, siziň guramaňyz dini ekstremizme garşy göreşe nä derejede gatnaşýar?
Kabiri:
Partiýamyzyň hereket etmeginiň özi dini ekstremizmiň döremeginiň öňüni almakda ýardam berýär. Partiýamyz 30 müňden gowrak agzalaryna guramanyň çäginde ýurduň kanuny we syýasy durmuşyna gatnaşmaga mümkinçilik döredýär. Kanun taýdan hasaba alnan partiýa agza bolmaklyk olaryň kanunyň öňündäki jogapkärçiligini güýçlendirýär. Bu adamlar hem dini hem-de syýasy işlere gatnaşmak isleýärler. Biziň partiýamyz bolmadyk ýagdaýynda olaryň ýarysynyň syýasatdan daşlaşyp, ýene ýarysynyň ”Hizbut Tahrir” ýa ”Jamoati Tabligh” ýaly gizlin yslamçy toparlara goşuljagyny çak etmek mümkin.

Şonuň üçin Yslam Galkynyş Partiýasynyň bolmagy dini ekstremizmiň ýaýbaňlanmagynyň öňüni alýar. Biz öz dini we syýasy mümkinçiliklerimizden peýdalanyp, adamlar, esasanam ýaşlar bilen, gepleşýäris we olaryň ekstremistik pikirlere eýermeginiň öňüni almaga çalyşýarys.
XS
SM
MD
LG