Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kreml Aşgabada täsirini ýitirýärmi?


Narodetski:"Dmitriý Medwedew Türkmenistandan ahalteke atyny sowgat alanam bolsa, Kremlden anyk çözgüt talap edýän goşmaça köp meseleleri özi bilen alyp gitdi."

Narodetski:"Dmitriý Medwedew Türkmenistandan ahalteke atyny sowgat alanam bolsa, Kremlden anyk çözgüt talap edýän goşmaça köp meseleleri özi bilen alyp gitdi."

Orsýet prezidentiniň Türkmenistana sapary ýarym ýyl töweregi wagt bäri iki ýurt arasynda gaz söwdasynyň ýaňadan başlanyp-başlanmajakdygy baradaky soragyň yzyna ýene bir sorag alamatyny goýdy. Bu bolsa iki ýurt arasyndaky özara gatnaşyklaryň juda çylşyrymly häsiýete eýedigini ýene-de bir gezek tassyklaýar. Orsýetiň önünde çözmeli möhüm bir mesele dur: ony diňe Türkmenistana eglişik etmek arkaly çözmek mümkin. Bu mesele – gazyň Aşgabat üçin amatly bolan bahasydyr. Ikinji bir tarapdan, bu meseläni süýndürmek Moskwa üçin diýseň oňaýsyz, çünki özi üçin strategik ähmiýete eýe bolan bu ugurda gatnaşyklaryň ýitmek howpy bar.

Kreml üçin ýene bir gorkunç, özem bişişip gelýän mesele – Türkmenistana öz täsirini ýitirmek howpudyr. Şu ýagdaý Orsýetiň gowşak bolmadyk strategik bäsdeşleri - Hytaýyň, Eýranyň, Ýewropa Bileleşiginiň we ABŞ-nyň regiona awtomatiki suratda aralaşmagyna getirip biler. Ady agzalan kuwwatly dört döwlet özüne köp garaşdyrman, bu ýerde Orsýetiň ornuny eýelemäge taýýar. Dmitriý Medwedew Türkmenistandan ahalteke atyny sowgat alanam bolsa, Kremlden anyk çözgüt talap edýän goşmaça köp meseleleri özi bilen alyp gitdi. Moskwa Türkmenistana eglişige gitmezlik, netijede başga-başga ýollar bilen Aşgabada täsir etmek üçin wagt utmak isleýärmikä?

Türkmenistanyň aýak direýän esasy meselesine – Hazaryň statusyny kesgitlemäge Orsýet çynlakaý päsgelçilik döretmezmi? Eger bu şeýle bolaýsa, ol Aşgabadyň özüni eglişige gitmäge mejbur etjek söwdany aňlatmazmy? Her hal taraplaryň ikisi-de bu çylşyrymly, bulaşyk ýagdaýdan özüne peýda gazanmaga çalşar, pursaty gelse, inisiatiwany biriniň beýlekisinden kakyp almagy mümkin.

Agyr ýük we ýitgiler

Türkmenistan-Orsýet turbasynyň petikligi Gurbanguly Berdimuhamedow üçin agyr ýük. Türkmenistan agyr ýitgiler çekýär. Munuň täsiri we zyýany uly, ýöne ol türkmen ýolbaşçylary üçin aýgytly faktor däl, çünki olar gazyň akyp başlamagyna aýak diränoklar, hiç bir barlyşyga-da gidenoklar. Arada dowam edýän konflikt türkmen gazyna real, hakyky täze hyrydarlar bilen erkin pozisiýadan gepleşmäge, ylalaşyga gelmäge türkmen ýolbaşçylaryna mümkinçilik döredýär. Hytaý tarapa gaz akdyryljak turba iş ýüzünde taýýar – eýýäm şu ýylyň ahyrynda türkmen tebigy gazy Hytaýa barmaly, şol wakany uly dabara bilen bellämäge Aşgabadam, Pekinem uly taýynlyk görýärler.

Türkmen gazy Eýrana akyp dur. Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen, ABŞ bilen Orsýet tarapa seretmän, ondan çekinmän, erkin gepleşikler geçirýär. Türkmen gazyny Ýewropa Orsýetden sowa akdyrjak “Nabukko” proýektini maslahatlaşmak resmi türkmen ritorikasyna öwrüldi. Orsýet bilen konflikt agzalan gatnaşyklara hem gozgalýan meselelere erkinlik hem kanuny häsiýet bermeýärmi? Häzirki konfliktden Türkmenistan täze, has amatly hyzmatdaşlar toparyna eýe bolmak hem özüni hemmeler bilen deň derejeli duýmak üçin aňrybaş peýda gazanyp bilermi? Näme üçin Berdimuhamedow Medwedew bilen gaz şertnamasyna gol çekişmäge howlukmaýar? Belki, özüni ýüňsakgal edene garaşly bolmaga gyssanýan däldir?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG