Sepleriň elýeterliligi

ÝB-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygy batlanýar


ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Hawiýer Solana (sagda) Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Kadyrbek Sarbaýew bilen duşuşdy, Brýussel, 15-nji sentýabr, 2009 ý.

ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Hawiýer Solana (sagda) Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Kadyrbek Sarbaýew bilen duşuşdy, Brýussel, 15-nji sentýabr, 2009 ý.

Ýewropa Bileleşiginiň şu çaka çenli Merkezi Aziýa regiony bilen uzak wagtlap bökdenip gelen gatnaşyklary täzeden bat alana meňzeýär. Elbetde, edil häzirki wagt taraplaryň hiç birem bu ugurda anyk netijeler barada gürrüň edip bilmese gerek. Ýöne soňky 10 aýyň içinde Brýusselde Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň resmileri bilen Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň resmileriniň 15-nji sentýabrda geçiren ikilenji maslahaty ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň atmosferasyna oňyn bir öwüşgin çaýana meňzedi.

Ýewropa Bileleşiginiň bu region bilen özara dialogy 2007-nji ýylyň iýunynda Bileleşigiň Merkezi Aziýa regiony barada ilkinji gezek strategik plan kabul etmegi bilen başlanypdy. 2006-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň ozalky awtoritar prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagy bilen baglanyşykly bolan waka bu meselede öwrülişik roluny oýnan wakalardan biri bolupdy.

Şolardan beýleki biri bolsa, 2005-nji ýylda Özbegistanyň Andijan şäherinde protest çykyşlarynyň gazaply basylyp ýatyrylmagy bilen baglanyşykly ýüze çykan ganly wakalardy. Öwürilişik pursaty diýip, Andijan wakalaryndan soň Ýewropa Bileleşiginiň Özbegistanyň garşysyna girizen sanksiýalarynyň aglabasynyň 2007-nji ýylyň oktýabrynda ýatyrylmagyna aýtsa bolar.

“Konstruktiw we netijeli”

Üçünji bir möhüm waka bolsa, Gazagystanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyna (ÝHHG) ýolbaşçylyk etmek ugrundaky tagallalaryny Ýewropa Bileleşiginiň goldamagy boldy. Häzirki wagt Ýewropa Bileleşigine ýolbaşçylyk edýän Şwesiýanyň Daşary işler ministri Karl Bildt 2008-nji ýylda Parižde geçirilen ilkinji özara maslahatdan bäri geçen döwrüň içinde Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň görnetin gowulaşandygyny belledi: «Men Ýewropa Bileleşiginiň nukdaýnazaryndan aýtsam, Bileleşige ýolbaşçylyk eden ozalky döwletleriň her biriniňem ýolbaşçylygynda biz özara dialoglaryň kem-kem çuňlaşandygyna şaýat bolduk. Ol dialoglar kem-kem özüne çekiji, konstruktiw we netijeli häsiýete eýe boldy».

Öz gezeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri hem Ýewropa Bileleşigi bilen bu regionyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyndan özleriniň hoşaldyklaryny mälim etdiler. Maslahatyň yzysüre geçirilen metbugat konferensiýasynda eden çykyşlarynda Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri hem-de Gazagystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Brýusselde geçen maslahatyň netijelerinden kanagatlanandyklaryny biragyzdan nygtadylar.

Aşgabat köne adatyna eýerdi

Bular ýaly çärelerde, adatça, öz syýasatçylaryny we graždan jemgyetiniň wekillerini köpçüligiň öňüne çykarmakdan saklanyp gelýän Türkmenistan tarapy bu gezegem özüniň köne adatyna eýerdi. Ýagny, ikitaraplaýyn maslahata gatnaşandygyna garamazdan, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew maslahatyň yzysüre geçirilen metbugat konferensiýasyna gatnaşmak islemedi.

Ýewropa Bileleşigi üçin häzirki wagt Merkezi Aziýa regiony bilen energiýa sektorynda hyzmatdaşlyklary ýola goýmak esasy maksatlardan biri bolup durýar. Beýleki tarapdan bolsa, Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa regionyna agyz suwy problemasyny çözmekde, gurmaçylykly jenaýatçylyk, neşe gaçakçylygy we adam gaçakçylygy ýaly problemalara garşy göreşde ýakyndan ýardam bermäge taýýardygyny aýdýar. Brýusselde geçen bu gezekki maslahatda Ýewropa Bileleşigi ýene-de bir gezek Merkezi Aziýa ýurtlaryny ynsan hukuklaryna hormat goýmaklyga we kanunçylygyň roluny güýçlendirmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG