Sepleriň elýeterliligi

Waşington Çehiýada raketadan goranyş sistemasyny gurmaz


Çehiýanyň premýer ministri Ýan Fişer, Birleşen Ştatlaryň raketadan goranyş sistemasynyň bir bölegini Çehiýada gurmak baradaky planyny goý bolsun edenligini aýtdy.

Jenap Fişer, bu maglumaty Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň özi bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde öňe sürenligini mälim etdi.

Şu gün gijäniň ýaryndan soň Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama, Waşingtonuň Çehiýanyň territoriýasynda rekateden goranyş radar sistemasyny gurmak planyny goý bolsun edenligini habar bermek üçin maňa jaň etdi diýip, Çehiýanyň premýer-ministri Ýan Fişer aýtdy.

“Wall Street Journal” gazeti bu planyň Eýranyň uzak-aralyga ýetýän raketa sistemasyny ösdürmek baradaky aladalaryny azaldanlygy üçin, Waşingtonuň bu karara gelenligini habar beripdi.

Orsýet bolsa Çehiýada radar sistemasyny we Polşada raketadan goranyş sistemasyny ýerleşdirmek baradaky Waşingtonuň planyna garşy çykyp gelýär.

Polşanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili hem bu mesele boyunça Warşawanyň habardar edilenligini, emma Waşington tarapyndan ýayradyljak resmi beýanatdan öň bu barada hiç hili pikir beýan etmejegini aýtdy.

Bu baradaky habar, Gündogar Ýewropada ýerleşýän ýurtlaryň arasynda, Amerikanyň Orsýet bilen öz aragatnaşygyny ösdürmek üçin bu sebitdäki ýaranlaryndan ýüzüni öwürmegi mümkin diýlen howsalanyň dörän wagtynda gabat geldi.
XS
SM
MD
LG