Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kolumbia uniwersiteti Türkmenistan bilen bilim hyzmatdaşlygyny dowam edýär


Düňýäniň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Kolumbia uniwersiteti bilen Aşgabadyň arasynda bilim boýunça gepleşikler dowam edýär. Bu habary ady agzalýan uniwersitetiň metbugat bölüminiň başlygy Robert Hornsby Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren yazmaça beýanatynda aýtdy.

Ady agzalýan wekiliň aýtmagyna görä, türkmen hökümetiniň wekilleri bilen olaryň arasynda netijeli hem konstruktiw gepleşikler geçirilipdir.

Jenap Hornsby, Türkmenistaniň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mundan iki ýyl öň bu uniwersitete eden saparyndan soňra, olar bilen türkmen resmileriniň arasynda ençeme gezek gepleşik geçirilenligini hem mälim etdi.

Häzirki döwürde bu uniwersitedte diňe bir türkmen studenti okaýar. Ol hem öz tagallasy bilen uniwersitete okuwa giren studentdir.
XS
SM
MD
LG