Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda bolan partlamada 16 adam heläk boldy


Owganystanyň paýtagty Kabulda janyndan geçen bombaçy tarapyndan amala aşyrlan partlamada 6-sy italiýaly harbylar bolan jemi 16 adamyň heläk bolanlygy habar berildi.

NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky parahatçylyga ýardym ediji halkara güýçleri, bu hüjümüň özlerine degişli bir harby konwoýuň nyşana alnyp amala aşyrylanlygyny tassyklady.

Italiýanyň goranmak ministrligi, şol partlamada 4 italiýaly esgeriň hem ýaralananlygyny mälim etdi. Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili General Zahir Azimi bolsa, şol wakada Owganystanyň 10 raýatynyň ölenligini we 50 töwereginiň bolsa ýaralananlygyny aýtdy.

Talyplar bu hüjümiň özleri tarapyndan amala aşyrylanlygyny mälim etdi. Bu, geçen 5 hepdäniň dowamynda paýtagt Kabulyň töwereginde bolan şunuň ýaly dördünji uly wakadyr.
XS
SM
MD
LG