Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Ermenistan bilen aragatnaşygyny ösdürmek üçin Bakuwuň göwnüne degmez


Türkiýeli bir ýolbaşçy Ankara bilen Ýerewanyň arasynda kadaly aragatnaşygy ýola goymak barada edilýän aladalaryň çäginde, Azerbeýjanyň göwnüne degmejegini aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugynyň maglumatyna görä, bu pikir Türkiýäniň yslamçy Saadet Partiýasynyň wekili Numan Kutulmuş tarapyndan, bu mesele boyunça ähli partiýalaryň gatnaşmagynda Türkiýede geçirilýän gurultaýdan öň beýan edildi.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly “Today’s Zaman” gazetine beren maglumatynda, Ankaranyň azerbeýjanlylary rahatsyz eder ýaly ädim ätmejegini mälim edipdir.

Türkiýeli syýasatçy Numan Kurtuluş bolsa, Ermenileriň dartgynly daglyk garabag regionyndan öz harbylaryny yzyna çekýänçä, Türkiýe bilen Ermenistanyň serhet gapylarynyň açylmajagyny aýtdy.

Türkiýe hem-de Ermenistanda, birnäçe oppozisiýon partiýalary bu iki ýurduň aragatnaşygyny ösdürmek barada alnyp barylýan aladalaryň çäginde gelnen ylalaşyga garşy çykýarlar.
XS
SM
MD
LG