Sepleriň elýeterliligi

Indoneziýada yslamçy gozgalaňçy öldürildi


Indonizýanyň howpsuzlyk güýçleriniň aýtmagyna görä, şu gije bolan çaknaşykda, bu ýurtda aşa idelýän yslamçy gozgalaňçy öldürilipdir.

Indonezýanyň milli polisiýasynyň aýtmagyna görä, Noordin Mohammad şu gije paýtagt Ýawada ýerleşýän bir öýde geçirilen operasiýada heläk bolupdyr.

Norrdin Muhammadyň, 2003-nji ýylda Indoneziýada amala aşyrlan partlamalarda rolunyň bardygy aýdylýar. Şol wakalarda ençeme adam heläk bolupdy.

17-nji iýulda paýtagt Ýawada ýerleşýän iki otelde bolan partlama bilen hem onuň baglanşygynyň bardygy öňe sürülýär.

Norrdiniň mundan öň hem ençeme gezek öldürülenligi barada maglumat çap edilipdi. Emma soňra şol habarlaryň ýalandygy ýüze çykypdy.
XS
SM
MD
LG