Sepleriň elýeterliligi

Gimpu Moldowanyň wagtlaýyn prezidenti wezipesine bellendi


Moldowanyň esasy kanun sudy, oppozision kommunistik partiýasynyň garşy çykmagyna garamazdan, Mihai Gimpuny ýurduň wagtlaýyn prezidenti wezipesine belledi.

Gimpu parlamentiň spikeri bolup, ol iýul aýynda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanan we Ýewropanyň tarapyny tutýan koalisiýanyň ýolbaşçysydyr.

Öňki president Wladimir Woronin geçen hepde öz wezipesinden çekilenden soň, Gimpu ýurduň wagtlaýyn ýolbaşçysy wezipesini eýeläpdi.

Mälim bolşuna görä, Ýewropanyň tarapyny tutýan koalisiýanyň parlamentde hökümet gurmak üçin ýeterlik orny bar, emma olaryň sany prezidenti saýlamaga ýetmeýär.

Gimpunyň resmi taýdan bu wezipä saýlanmagyndan soňra, häzirki döwürde etjek ilkinji işiniň, premýer-ministrlik wezipesine täze kandidat teklip etmek boljakdygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG