Sepleriň elýeterliligi

Ykdysady durgunlyk tamamlandymy?


Ýewropanyň ydysadyýet we pul işleri komissary Joaquin Almunia hem: “Biz indi çöketlikden çykdyk diýip bilýäris” diýýär.

Ýewropanyň ydysadyýet we pul işleri komissary Joaquin Almunia hem: “Biz indi çöketlikden çykdyk diýip bilýäris” diýýär.

Dünýäniň ykdysadyýeti güýçli döwletleriniň käbirinden gowuşýan habarlarda ykdysady krizisiň sowlandygy aýdylýar. Üstümizdäki hepdede Birleşen Ştatlaryň Merkezi Bankynyň (Federal Reserve) başlygy Ben Bernanke Amerikada ykdysady durgunlygyň soňlanandygyny jar etdi. Ýewropa Komissiýasy hem: “Ýewropa ykdysadyýetiniň gaýtadan ösüşe başlan bolmagy ähtimal” diýýär. Orsýetiň maliýe ministri-de Orsýetde ýagdaýyň gowulanandygy barada şek-şübhä ýer goýanok.

Birleşen Ştatlaryň Merkezi Bankynyň başlygynyň aýtmagyna görä, tehniki taýdan garanyňda, durgunlygyň sowlandygy ähtimallygy gaty ýokary.

Ýewropanyň ydysadyýet we pul işleri komissary Joaquin Almunia hem: “Biz indi çöketlikden çykdyk diýip bilýäris” diýýär.

“Üçünji kwartalda krizisden bütinleý çykyp ugrarys. Muňa şek-şübhe ýok” diýip, ors maliýe ministri Kudrin nygtaýar.

Beýanatlardan beýleki maglumatlar

15-nji sentýabrda berlen sanlar Birleşen Ştatlarda ownuk söwdanyň awgust aýynda 2.7 prosent ösendigini görkezdi. Bu geçen 3-4 ýyllykda bolan iň ýokary ösüş. Muňa gowy habar diýip garalýar. Sebäbi bu halkyň öz gurbuna bolan ynamynyň “o diýen zerur bolmadyk” harytlary-da satyn alarlyk derejä ýetendigini görkezýär.

Ýewropada Germaniýa bilen Fransiýa üstümizdäki ýylyň ikinji çärýeginde krizisden çykdy. Komissiýa 3-nji çärýekde Ýewropa Bileleşiginiň ýokarlap, durgunlykdan arany açaryna garaşýar.

Ýaponiýa bu işi ikinji çärýekde etdi. Orsýetde hem, Kudriniň aýtmagyna görä, iýun we iýul aýlary ösüş üçin oňaýly aýlar bolupdyr.

Onsoň bu aýdylýanlara ynam edip bolarmykan? Krizisden çykyldy, ykdysadyýet gowulaşdy diýip, syýasatçylar, maliýe häkimiýetleri ozal hem aýtmadykdan däl.

Halkara ykdysadyýet boýunça ekspert Wanessa Rossi: “Bu dogry, ýöne ozal berlen beýanatlar aslynda esasan bir arzuwdy. Bu gezek beýle däl ýaly görünýär” diýýär: “Bir anyk zat, üstümizdäki ýylyň ikinji ýarymynda ýagdaýyň çyndan gowulanandygy. Berýän beýanatlarynda olary ynamly edýän şol.”

Ýöne ýagdaý gowulanýar diýildigi ykdysadyýet indi uly ädimler bilen ilerlär diýildigi däl. Onuň işsizleriň sanyny azaldarlyk derejede öserine entek wagt gerek. “Ösüş az-kem bolsa-da, biz diňe birnäçe aý mundan ozalky talap derejesine ýetýäris. Bu krizisden öňki derejä ýetendigimizi aňladanok” diýip Rossi aýdýar.
XS
SM
MD
LG