Sepleriň elýeterliligi

Moskwa Waşingtonyň planlaryny hoşallyk bilen garşy aldy


Düýn Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedýew Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gündogar we Merkezi Ýewropada harby radar sistemasyny ýerleşdirmek baradaky ozalky planlaryny üýtgetmek barada gelen kararyny hoşallyk bilen garşy alandygyny aýtdy.

Orsýetiň telewideniýesinde eden bu çykyşynda Dimitriý Medwedýew amerikan prezidenti Barak Obamanyň we Goranmak sekretary Robert Geýtsiň bu barada kabul eden täze kararyny «jogapkärçilikli ädim» diýip häsiýetlendirdi we özüniň Waşington bilen dialoglaryny dowam etdirmäge taýýardygyny nygtady.

Şu hepde Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen Goranmak sekretary Robert Geýts Gündogar we Merkezi Ýewropada Amerikanyň harby radar sistemasyny ýerleşdirmek baradaky ozalky planlary üýtgetmek kararyna gelnendigini aýdyp, çykyş etdiler.
XS
SM
MD
LG