Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň oppozisiýasy Palestinany goldap ýöriş geçirýär


Şu gün Eýranyň oppozision toparlary Tähranda Palestinany goldamaklyga bagyşlap, ýörite ýöriş geçirmekligi planlaşdyrýarlar.

Eýranyň häkimiýetleri bu planlaşdyrylýan demonstrasiýanyň ýurduň hökümetine garşy gurnalmagyndan ätiýaç edip, bular ýaly köpçülikleýin çäräniň geçirilmegine garşy çykyş etdiler.

Emma bu baradaky duýduryşlara garamazdan, ýurduň tanymal reformaçy oppozisiýa liderleri, hususan-da, Eýranyň ozalky prezidenti Muhammet Hatamy, ýurduň ozalky premýer-ministri Mir Husseýin Musawi we geçenki prezidentlik saýlawlaryna kandidat Mehdi Karrubi dagylar hem özleriniň bu ýörişe gatnaşjakdyklaryny yglan etdiler.
XS
SM
MD
LG