Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda “Türkmentel-2009” sergisi açyldy


Düýn Aşgabadyň Sergiler merkezinde telekommunikasiýa, telemetriýa, informasiýa tehnologiýasy we teleýaýlym enjamlary boýunça 3-nji halkara sergisi açyldy.

Tükmen Döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, «Türkmentel-2009» ady bilen açylan bu sergi üç dowam eder we onda tomaşaçylar telekommunikasiýa senagatynyň täze gazananlary bilen ýakyndan tanşarlar. Maglumatda bu sergä dünýäniň 20 ýurdundan 60 töweregi daşary ýurt kompaniýasynyň öz täze enjamlary bilen gatnaşýandyklary aýdylýar.

Bu sergi bilen bir wagtda Aşgabatda «Türkmenistan we dünýä telekommunikasiýa sistemasy» ady bilen ylmy konferensiýa hem açyldy.

Bu forumda dünýäniň dürli ýurtlarynyň spesialistleri we ylmy işgärleri aragatnaşyk hem-de kommunikasiýa pudagynyň meseleleri barada özara tejribe hem-de pikir alşarlar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG