Sepleriň elýeterliligi

Demonstratlar Tähran ýörişinde hökümete garşy şygarlara gygyrýar


Palestina tarapdar demonstrasiýaçylar Tähranda guran ýörişlerinde hökümete garşy şygarlara gygyrdylar.

Häkimiýetler oppozisiýa Kuds gününiň prezident Mahmut Ahmedinajada garşy protest sahnasy edilip ulanylmaly däldigini öňünden duýdurypdylar.

Günbatar metbugaty öňki premýer ministr we dawaly iýun saýlawlarynda Ahmedinajatdan utulan Mir Husseýin Musawiniň müňlerçe tarapdarynyň hökümet howandarlygyndaky al-Kuds ýörişine goşulandygyny ýazýar.

Musawiniň tarapdarlary gollaryna ýaşyl mata daňypdyrlar. Bu reňk Musawiniň saýlaw kampaniýasyndaky belgisidi.

Şaýatlar oppozisiýa goldawçylary bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk bolandygyny aýdýarlar. Protestçiler «Ýalançy, ýalançy, hany seniň 63 prosentiň?», «Gaza däl, Liwana däl, meniň janym Eýrana gurban bolsun» diýip gygyrdylar.
XS
SM
MD
LG