Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ýewropadaky raketadan goranyş planlaryny terk etmekçi


ABŞ-nyň Goranmak ministri Robert Geýts Pentagonda metbugat beýanatyny berýär, 17-nji sentýabr, 2009 ý.
ABŞ-nyň Goranmak ministri Robert Geýts Pentagonda metbugat beýanatyny berýär, 17-nji sentýabr, 2009 ý.
Çeh Respublikasynda häzir premýer-ministrlik wezipesini ýerine ýetirýän Jan Fischeriň bildirmegine görä, Amerikan prezidenti Barak Obama oňa Gündogar Ýewropada gurulmaly edilen jedelli raketadan goranyş sistemasyna gerekli radary ýerleşdirmek planyny goýbolsun edendigini aýdypdyr.

Fischer 17-nji sentýabrda Pragada žurnalistlere Obamanyň özüne jaň edendigini aýtdy. “Şu gün ýarygijeden az salym soň, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama maňa jaň edip, öz hökümetiniň Çeh Respublikasynyň territoriýasynda raketa garşy radar sistemasyny gurmak baradaky niýetinden el çekendigini habar berdi”.

Çeh Respublikasynda ýerleşdirilmegi planlaşdyrylan radar raketadan goranyş sistemasynyň zerur bölegi bolup durýardy. Şol sebäpden bir bölegiň taşlanmagy tutuş proýektiň ýatyrylmagy hasaplanylýar.


Täsirli gazýet ”Wall Street Journal” şu günki sanynyň baş sahypasynda Waşingtondan bir resmi delegasiýanyň ýagdaýy bildirmek üçin şu gün Polşa we Çeh Respublikasyna sapar edendigini ýazdy.

“Abanýan uly howp ýok”

Gazetiň häzirki we öňki Amerikan resmilerine salgylanyp habar bermegine görä, bu işe sebäp bolan Eýranyň ozal çak edilişi ýaly, uzak menzilli raketalary bu golaýda öndürme başarnygyna eýe däldigi. Şoňa laýyklykda Ýewropa we Birleşen Ştatlara ondan abanyp duran uly howp ýok.

Raketadan goranyş sistemasy Eýrandan abanmagy mümkin howpdan goranmak üçin öňki prezident Jorj Buşuň hökümeti tarapyndan planlaşdyrylypdy. Günbatar Eýranyň ýaşyryn atom ýaraglaryny öndürmäge synanyşýanlygyny güman edýär.

Warşawa we Praga iberilen delegasiýa Eýrandan howp abanýandygy görlen ýagdaýynda proýekte täzeden gaýdyp gelinjekdigini bu hökümetlere habar berer.

Raketadan goranyş sistemasy baradaky plana Orsýet aşa garşydy. Sebäbi ol munuň Eýranyň ýa Demirgazyk Koreýanyň däl-de, öz garşysyna gönükdirilendigine ynanýardy. Şol sebäpden hem proýektiň goýbolsun edilenini Orsýetiň oňat garşylaryna garaşylýar.

Polşa bilen Çeh Respublikasy bolsa, proýektiň ýatyrylmagy bu regionda başga hili düşünje döreder öýdüp gorkýarlar. Olaryň pikiriçe, Moskwanyň muny Birleşen Ştatlaryň Ýewropany goramaga Orsýetden çekindigi diýip, düşünmegi ahmal.
XS
SM
MD
LG