Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ABŞ-nyň raketa gorag kararyny gutlaýar


Orsýetiň premýer ministri Wladimir Putin Birleşen Ştatlaryň Buş döwründäki raketa gorag planlaryny üýtgetmegini gutlap çykyş etdi. Ýöne ol Waşingtony gatnaşyklary ösdürmek üçin has ileri hereketler etmäge çagyrdy.

Putin Gara deňziň boýundaky Soçi şäherinde maýadarlaryň forumynda çykyş edip, Barak Obamanyň öňki prezidentiň planlaryny ýatyrmagy «dogry hem batyrgaý» iş diýdi. Şeýle-de ol Moskwa Birleşen Ştatlaryň ikitaraplaýyn söwda çäklendirmelerini hem ýatyrmagyny isleýär diýdi.
XS
SM
MD
LG