Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz deputatlary oppozision deputatyň eldegrilmesizligini ýatyrýar


Gyrgyz deputatlary oppozision syýasatçynyň deputat eldegrilmesizligini ýatyrdy.

Hökümetiň tankytçylary munuň syýasy repressiýanyň täze tapgyrynyň alamatydygyny aýdýarlar.

Parlamentdäki ses berişlik Sosial demokratlardan saýlanan deputat Kuwanyçbek Kadyrowyň garşysyna jenaýat işini gozgamaga mümkinçilik berýär. Ol awgustda bolan saýlawlarda gozgalaňçylara meçew bermekde günälenýär.

Kadyrow bu aýyplamany ret edýär.
XS
SM
MD
LG