Sepleriň elýeterliligi

NATO Orsýeti hyzmatdaşlyga çagyrdy


NATO-nyň baş sekretary Anders Fogh Rasmussen 18-nji sentýabrda Brýusselde geçirilen metbugat konferensiýasynda.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fogh Rasmussen 18-nji sentýabrda Brýusselde geçirilen metbugat konferensiýasynda.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Moskwanyň garşy çykýan gündogar Ýewropada raketadan goranyş planyny düýn goýbolsun etdi. Harby ýaranlyk NATO-nyň başlygy hem bu gün Orsýeti täze hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Ýaranlygyň baş sekretary Anders Fogh Rasmussen şu gün Brýusselde eden çykyşynda NATO-nyň global goranyş meseleleri barada Moskwa bilen “praktiki hyzmatdaşlyga” taýyndygyny bildirdi.

“Gelejekki hyzmatdaşlygymyza berk baza bolar ýaly NATO bilen Orsýetiň XXI asyryň täze howpsuzlyk problemalaryny bilelikde gaýtadan gözden geçirmegini göresim gelýär” diýip, Rasmussen aýtdy.

Rasmusseniň bu beýanaty ors-gürji urşunyň NATO bilen Moskwanyň gatnaşyklaryny sowadaly aradan bir ýyl geçensoň gelýär. Uruşdan bärde gatnaşyklar az-kem gowulaşdy. Ýöne täze baş sekretaryň bu wezipä geleli aradan entek doly iki aý-da geçmänkä edýän bu çakylygy berilýän güýçli bir alamat bolup durýar. Aslynda bu ugurda ilkinji ädimi äden Waşington. Prezident Barak Obama düýn Birleşen Ştatlaryň Polşa we Çeh Respublikasy üçin göz öňünde tutulan raketadan goranyş sistemasy baradaky plany ýatyrandygyny bildirdi.

Ors ýolbaşçylar hem gutladylar

Ors ýolbaşçylary hem bu işi gutladylar. Premýer-ministr Wladimir Putin şu gün Obamanyň bu hereketini “dogry we batyrgaý” göçüm diýip häsiýetlendirdi. Rasmussen çykyşynda hoşniýetliligi nygtamaga meýilli görnüp, raketadan goranyş meselesinde Birleşen Ştatlar, Orsýet we NATO-nyň özara hyzmatdaşlyk etmegini teklip etdi. Ol harby ýaranlyk bilen Moskwa arasynda düýpli ylalaşmazlyklaryň bardygy boýun alyp, “ýöne NATO-nyň açyk gapylar syýasaty Orsýetiň garşysyna gönükdirilenok” diýdi.

Bu ýerde göz öňünde tutulýan ilkinji nobatda Ukraina bilen Gürjüstanyň NATO girmek üçin edýän synanyşygy. “NATO bilen ýaran ýurtlaryň aragatnaşygynda, belki-de, düşünişmezlikden we birek-birege ynamsyzlykdan şunça kynçylyk çekilýän başga mesele ýokdur” diýip, baş sekretar aýtdy.

Rasmussen öz çykyşynda Moskwany Eýrana uran baýlaşdyrmak işini togtatdyrmakda Günbatary goldamaklyga çagyrdy. Orsýetiň NATO-daky wekili Dmitri Rogozin Rasmusseniň çykyşyny oňat garşylap, ony “gaty oňaýly hem konstruktiw” çykyş hökmünde häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG