Sepleriň elýeterliligi

General Owganystana has kän goşun iberilmegine çagyrýar


Amerikan metbugatynyň maglumatlaryna görä, Birleşen Ştatlaryň we NATO-nyň Owganystandaky baş serkerdesi öz ýaşryn hasabatynda goşmaça güýç iberilmese, pitneçilere garşy göreşiň şowsuz gutarjagyny duýdurypdyr.

General Stanliý MakKristalyň 30-njy awgustda Goranmak sekretary Robert Geýtse iberen uruş hasabatynyň mazmuny «Waşington post» gazetine mälim bolupdyr.

MakKristalyň gelýän hepdelerde goşmaça esger soramagyna garaşylýardy. Prezident Barak Obama Owganystana goşmaça goşun ibermek barada entek hiç hili karara gelmändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG