Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde doňuz dümewinden adam öldi


Orsýetde doňuz dümewi bilen kesellän adam ýogaldy.

Iwanowskiý Wirusologiýa institunynyň direktory Dmitriý Lwow golaýda Bolgariýadan dolanyp gelen saglyk işgäriniň doňuz dümewinden ölendigini aýtdy.

Ol bu aýalyň sentýabryň başlarynda ölendegini habar berdi. Bu Orsýetde doňuz dümewinden ölen ilkinji adamdyr. Dünýä saglyk guramasy anna güni dünýä boýunça doňuz dümewinden ölen adamlaryň sanynyň 3486-a ýetendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG