Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: «Raketa gorag karary Orsýete dahylly däl!»


Prezident Barak Obama Orsýetiň garşylygy Ýewropa raketa gorag sistemasyndan el çekmäge täsir etdi diýlen pikire üzül-kesil garşy çykdy. Ol SBS telekanalynda «Orsýetliler biziň gorag ýagdaýymyzyň neneňsidigi barada kesgitleme berenok» diýdi.

Prezidentiň beýanaty penşenbe güni Polşada hem Çehiýada raketa gorag sistemasyny gurmak planynyň goýbolsun edilýändigi aýdylaly bäri bu mesele baradaky ilkinji düşündirişidir.

Bu galkan prezident Jorj Buşuň döwründe teklip edilipdi. Orsýet ony, Birleşen Ştatlaryň ynandyrmalaryna garamazdan, özüne howp hasaplapdy.
XS
SM
MD
LG