Sepleriň elýeterliligi

Somali söweşlerinde azyndan 17 adam öldi


Somaliniň günbatarynda yslamçy pitneçiler bilen hökümet güýçleriniň arasynda bolan söweşde azyndan 17 adam öldi.

Aýdylmagyna görä, öldürilenleriň köpüsi jeňçiler. Bu söweş ekşenbe güni, Al-Şabab toparynyň söweşijileri Et şäherinde hökümet güýçlerine hüjüm edende turdy.

Al-Şabab al-Kaýdadan ylham alýan topar bolup, ol Somaliniň günortasynyň köp bölegine kontrolluk edýär. Penşenbe güni Afrika bileleşiginiň Mogodişi aeroprotundaky ştabynyň ýanynda goşa maşyn partlamasy bolanda 21 adam ölüpdi. Şonda ölenleriň 17-si Afrika bileleşiginiň parahatçylyk esgerleridi. Bu hüjümiň jogapkärçiligini al-Şabab öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG