Sepleriň elýeterliligi

Italiýa Owganystanda öldürilen esgerleriniň ýasyny tutýar


Italiýa Owganystanyň paýtagty Kabulda öldürilen alty esgeriniň ýasyny tutýar.

Penşenbe güni janyndan geçen bombaçy partlaýjyly maşyny Kabulyň merkezinde italiýan konwoýynyň üstüne sürüpdi. Bu hadysada asuda ilatdan hem on adam ölüpdi.

Kast ediş hüjüminiň jogapkärçiligini Talyban öz üstüne aldy. Owganystandaky NATO güýçleriniň hatarynda Italiýanyň 3 müň gowrak esgeri gulluk edýär.
XS
SM
MD
LG