Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama gynag derňewini togtatmagy ret edýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama ýurduň aňtaw gullugynyň öňki başlyklarynyň birnäçesiniň terrorda güman edilenleriň gynalandygy baradaky derňewi togtatmak baradaky talabyny ret etdi.

Obama CNN telekanalynda bu barada eden gürrüňinde hiç kim kanundan ýokary däl diýdi. Şeýle-de ol özüniň adalat resmileriniň alyp barýan işjeň derňewlerine gatyşmaly däldigini nygtady.

Bu beýanat Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw gullugynyň öňki başlyklarynyň ýedisiniň terrorda güman edilenleriň gynalandygy baradaky derňewi ýatyrmaga çagyrýan haty bilen bagly.
XS
SM
MD
LG