Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goşunlar Parahatçylyk gününde hüjümleri togtadýar


Owganystandaky hökümet we daşary ýurt goşunlary şu gün BMG-nyň Halkara parahatçylyk güni mynasybetli Talybana garşy hüjümleri togtadýarlar.

Owganystanyň Goranmak ministrliginiň sözçüsi «owgan goşunlary pitneçileriň özleri hüjüm edýänçe olara hüjüm etmez» diýdi.
Owganystandaky amerikan hem NATO güýçleriniň komandiri, general Stanliý MakKristal golaýdaky beýanatynda daşary ýurt güýçleriniň Halkara parahatçylyk gününde goranyşda boljagyny, harby hüjüm etmejegini aýtdy.

BMG-nyň Baş assembleýasy Halkara parahatçylyk gününi 1981-nji ýylda döretdi we 2002-nji ýylda her ýylyň 21-nji sentýabry «dünýä boýunça atyşyklary we zorluklary togtatmagyň güni» diýlip yglan edildi.
XS
SM
MD
LG