Sepleriň elýeterliligi

Italiýa Owganystanda öldürilen esgerlerini soňky ýoluna ugradýar


Italiýa milli ýas gününi yglan edip, Owganystanyň paýtagty Kabulda kast edilip öldürilen alty esgerini soňky ýoluna ugratdy.

Esgerleriň tabytlary harby maşynlarda Rim basilikasyna (ybadathanasyna) alnyp barylýan wagty müňlerçe italiýaly köçeleriň gyrasyna düzüldi. Rim ybadahathanasynda guralan ýas üýşmeleňine ýurduň ýokary derejeli resmileri, şol sanda prezident we premýer ministr hem gatnaşýar. Bu esgerler penşenbe güni Kabulda janyndan geçen bombaçynyň ulag partlatmasynyň pidasy bolupdy.

Bu hadysada asuda ilatdan hem on adam ölüpdi.

Kast ediş hüjüminiň jogapkärçiligini Talyban öz üstüne aldy. Owganystandaky NATO güýçleriniň arasynda Italiýanyň 3 müň gowrak esgeri gulluk edýär.
XS
SM
MD
LG