Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Günorta Koridor plany NABUKKO-dan uly"


Morel:"Aprelde Türkmenistandan Orsýete gaz akdyrylýan turbada öňden garaşylmadyk bir partlama boldy. Emma bu waka biziň Türkmenistan bilen bagly alyp barýan syýasatymyza öz täsirini ýetirmez."
Morel:"Aprelde Türkmenistandan Orsýete gaz akdyrylýan turbada öňden garaşylmadyk bir partlama boldy. Emma bu waka biziň Türkmenistan bilen bagly alyp barýan syýasatymyza öz täsirini ýetirmez."
Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň gatnaşmagynda Brýusselde 15-nji sentýabrda ministrler derejesinde ýygnak geçirildi.

Bu konferensiýa Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri we Türkmenistan bilen Gazagystanyň bolsa, Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary gatnaşdylar.

Ýewropa Geňeşi tarapyndan ýaýradylan beýanatda aýdylyşyna görä, bu ýygnaga Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri bilen bir hatarda bu guramanyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piýer Morel hem gatnaşypdyr.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir şol geçirilen ýygnak barada Piýer Morel bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Bu ýygnakda esasan nähili meselelere garaldy?

Piýer Morel: Sebitiň howpsuzlyk ýagdaýy bilen bagly gürrüň edildi. Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat boýunça ýörite wekiliniň hem gatnaşmagynda geçirilen bu ýygnakda esasanam Owganystandaky ýagdaýlar barada pikir alşyldy. Şeýle-de, öýlän naharynda geçirilen bu ýygnak gaty aç-açan boldy. Delegatlaryň ählisi öz pikirlerini açyk beýan etdiler. Bu ýygnakda Eýrandaky we Günorta Aziýadaky ýagdaýlar hakda hem gürrüň edildi.

Bu şeýle ýygnaklaryň ikinjisidir. Munuň ilkinji tapgyry Ýewropa Bileleşigine Fransiýa ýolbaşçylyk edýän mahalynda sentýabr aýynda Parižde geçirilipdi. Bu mesele bilen baglylykda häzirki dowam edýän ykdysady krizis we onuň sebitdäki ýurtlara ýetirýän täsiri barada gürrüň edildi. Bu ýygnaga Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň wekilleri bilen bir hatarda Ýewropanyň Inwestisiýa Bankynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Şeýle-de, bu ýygnakda energiýa, suw we tebigaty goramak ýaly meseleler hakda hem giňden söhbet edildi. Delegatlar bu ugurdaky pikirlerini we tejribelerini beýleki kärdeşleri bilen paýlaşdylar.

Azatlyk Radiosy: Sebitiň howpsuzlyk meseleleri hakda hem gürrüň edendigiňizi aýtdyňyz, bu barada dolyrak maglumat beräýseňiz?

Piýer Morel: Bu barada edilen gürrüňde orta atylan birinji tema Owganystan bilen bagly boldy. Mälim bolşy ýaly, munuň hem ençeme sebäbi bar. Saýlawlardan soňky ýagdaýlar Owganystanda dowam edýän bu dartgynlylygyň Merkezi Aziýa ýetiräýmegi mümkin täsiri we bu barada nähili hyzmatdaşlyk edip boljakdygy barada pikir alşyldy.

Elbetde, serhetleri goramak we neşe gaçakçylygyna garşy göreş ýaly problemalar boyunça bireýýäm özara hyzmatdaşlygymyz bar. Emma ýygnakda bu ýagdaýa-da seredildi.

Şeýle-de regional howpsuzlyk bilen bagly problemalar barada Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň özara edip biljek işleri we bu ugurda biziň olara berip biljek ýardamlarymyz hakda hem pikir alyşdyk. Öň hem belläp geçişim ýaly, Eýrandaky ýagdaýlar hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat boyunça ýörite wekili Hawýer Solana bu ýygnakda çykyş edip, Eýran bilen halkara jemgyýetçiliginiň arasynda geçirilýän gepleşikler we geljek hepdeleriň dowamynda Amerikanyň Eýran bilen bagly ätjek ädimleri hakda maglumat berdi.

Azatlyk Radiosy: Merkezi Aziýanyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda adam hukuklary temasyna-da degildimi?

Piýer Morel: Elbetde, bu barada hem gürrüň edildi. Emma dogrymy aýtsam, bu gezekki ýygnagymyzda esasan ykdysady ýagdaýlara köpräk üns berlip, onuň regionyň sosial durmuşyna ýetirýän täsiri hakda gürrüň edildi. Häzirki dowam edýän ykdysady krizisiň täsiri barada gürrüň edilende, Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň ýagdaýy biri-birinden tapawutly.

Sebäbi olaryň käbirleriniň girdejileriniň uly bir bölegi zähmet immigrantlarynyň edýän goşandyna degişli bolsa, käbirleri bolsa halkara ykdysady bazar bilen has jebisleşen. Şunlukda olardan her biri bu ykdysady krizisiň täsirini başgaça duýýar.

Bu sammitde maslahatlaşylan temalardan biri hem şu meselä degişli boldy. Siziň bu temalaryň adam hukuklary bilen näme baglanyşygy bar diýmegiňiz mümkin. Emma bu ýygnakda zähmet immigrantlarynyň durmuş şertleri, ykdysady krizisiň öňüni almak üçin Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan döredilen programma we daşary ýurtlardan yzlaryna dolanýan zähmet immigrantlary üçin täze iş orunlaryny döretmek barada alnyp barylýan proýektlere we bu programma Ýewropa Bileleşiginiň edip biljek goşandy barada hem gürrüň etdik.

Azatlyk Radiosy: Men ýene siziň ünsüňizi adam hukuklary bilen bagly meselä çekmekçi. Eger bu tema islendik görnüşde şol ýygnagyň gün tertibine getirilen bolsa, Merkezi Aziýa wekilleriniň bu ugurda siziň soraglaryňyza beren jogaplary sizi kanagatlandyrdymy?

Piýer Morel: Olaryň beren jogaplaryndan kanagatlanmak maksady bilen biz şol ýygnaga gatnaşmadyk. Biz esasanam, olar bilen bilelikde iş alyp barmak boyunça kynçylyklar dowam edýän häzirki pursatda olar bilen duşuşmak üçin dörän islendik mümkinçilikden peýdalanmaga synanyşýarys. Bu biziň esasy maksadymyzydyr.

Netije gazanmak, öňe gitmek, ýagdaýyň gowulyga tarap ösmegine peýda ýetirip biljek kanuny özgertmeleri amala aşyrmak, netije alyp bolar ýaly beýleki ugurlary tapmak, şeýle-de Merkezi Aziýada adam hukuklary we kanunyň üstünligi ýaly meseleler, mundan iki ýyl ozal Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bu region boyunça kabul edilen strategiýanyň esasy bölegini emele getirýär. Aýtjak bolýan zadym, adam hukuklary baradaky tema biziň maksadymyzyň gaýragoýulmasyz bir bölegidir. Siziň hem bilşiňiz ýaly, biz Merkezi Aziýada ýerleşýän şol ýurtlar bilen adam hukuklary boyunça ýörite dialogy ýola goýdyk.

Bu düzgüne girizilen programma bolup, gaty serasaply taýýarlanan bir proýektdir. Ol ady agzalýan meseleler boyunça ähli ugurlary hem öz içine alýar. Ýagny, şeýle duşuşyklar geçirilmezden ozal, biz ilki bilen gepleşigiň gün tertibini kesgitläp, dokumentleri taýýarlaýarys. Şondan soň bu barada bilermenleriň şeýle-de graždan jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda ýygnaklar geçirýäris. Adam hukuklary ýaly ynjyk meseleler baradaky ýygnaklar, umuman, şeýle düzgün esasynda geçirilýär.

Azatlyk Radiosy: Merkezi Aziýa bilen bagly edilýän gürrüňlerde türmelerdäki ýagdaýlar we bendileri gynamak ýaly problemalar mydama esasy meselelerden biri bolup gelýär. Meselem, 14-nji sentýabrda geçirilen metbugat ýygnagynda Özbegistanyň Daşary işler ministri bu problema boýunça biziň habarçymyzyň beren soragyna gaharlanyp, bu diňe Özbegistanyň däl, Ýewropanyň hem problemasydyr diýip, jogap berdi. Sorajak bolýan zadym, olaryň öňünde goýlan islendik meseleden olara bu problema Ýewropada hem bar diýip, boýun gaçyrmaga ýol berlermi, şeýle ýurtlara siz nähili çemeleşýärsiňiz?

Piýer Morel: Biz ýaňy beýan eden usulymyzdan peýdalanýarys. Ýagny, ilki bilen problemanyň bardygyny kesgitläp, bu barada çalt karara gelmän, bu ugurda diskussiýa geçirýäris. Sebäbi her kimiň meselä garaýşy tapawutly, biz olary-da diňleýäris. Hemme zady biz edýäris, olary biz gowy bilýäris diýip biljek däl. Aýtjak bolýanym, biziň diňe tejribämiz bar. Şunlukda, haýsydyr islendik bir mesele gözümize ilende, biz bu ugurdaky tejribämizi olar bilen paýlaşmaga taýýar.

Özbegistanyň Daşary işler ministri tarapyndan edilen çykyş bilen bagly pikirimi aýtsam, bu meniň nukdaýnazarymdan gaty gyzykly bir zat, ol hem Daşkendiň şeýle bir problemanyň beýleki ýurtlar bilen bir hatarda Özbegistanda hem bardygyny boýun almagydyr. Elbetde, olaryň bu hili ýagdaýlary öňe sürmek usuly başgaça. Emma biz onyň bu pikirine dürli kanallarymyz arkaly bu barada geljekde işleşip boljak bir mümkinçilik hökmünde garaýarys.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň bu ýygnaga gatnaşmazlygyna diňe tötänlikden bolan waka diýip bolarmy?

Piýer Morel: Biz olaryň bu çäre bilen bagly yhlasynyň gaty ýokarydygyny köpden bäri bilýärdik. Biz munuň hiç hili problema döretmejegine göz ýetirýäris. Elbetde, Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň hem ählisiniň Daşary işler ministrleri bu ýygnaga gatnaşmadylar. Biz planlarymyzyň wagtly-wagtynda amala aşýanlygyna gaty şat.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň gazyny Ýewropa akdyrmak baradaky aladaňyz boýunça haýsydyr bir özgerişlik barmy?

Piýer Morel: Biz bu tema barada bu ýygnakda gaty giňden gürrüň etdik. Biz şol ýygnakda esasanam ”Günorta Koridor” proýekti barada pikir alyşdyk. Biz Ýewropanyň bu mesele boýunça şu ýylyň mart aýynda kabul eden karary hakda gürrüň etdik. Bu Ýewropa Bileleşigini gaz bilen üpjün etmek boýunça düzülýän planlaryň ýene biridir. Sebäbi biziň bireýýäm demirgazykda öz çeşmesini Norwegiýadan alýan koridorymyz bar.

”Gündogar Koridor” boýunça Orsýetden gaz alynýar, şeýle-de demirgazyk Afrikadan ýangyç alýan ”Ak Deňiz” koridorymyzam bar we bularyň hataryna ”Günorta Koridory” hem goşmaga synanyşýarys. Bu 20, hat-da 30 ýyllyk proýektdir. Şeýle-de, soňky döwürlerde ençeme gezek ara alnyp maslahatlaşylan proýektlerden biri hem NABUKKO gaz turba geçirijisidir. Bu barada Budapeştde ýörite ýygnak geçirildi. Ýewropany gaz bilen üpjün etmek boýunça Bolgariýanyň paýtagty Sofiýada hem aprel aýynda konferensiýa boldy.

Şeýle-de, ”Günorta Koridor” proýekti boýunça maý aýynda Pragada hem ýygnak geçirildi, muňa Türküýäniň we Azerbeýjanyň prezidentleri, şeýle-de Özbegistanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň hem ýokary derejeli hökümet ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Emma ”Günorta Koridor” plany NABUKKO-dan hem uly proýektdir. Bu ençeme beýleki proýektleri hem öz içine alýar. Şeýle-de, ”Günorta Koridor” diňe energiýa bilen bagly bir alada däl. Biz bu barada giňden pikir alyşdyk.

Azatlyk Radiosy: Ýewropanyň gaz üpjünçiligi boýunça Türkmenistanyň bir çeşme bolup biljekdigi baradaky pikire siziň ynamyňyz barmy?

Piýer Morel:
Biz kabul edilen ylalaşyklara we Merkezi Aziýaly hyzmatdaşlarymyzyň biziň bilen geçirýän duşuşyklarynda öňe sürýän pikirlerine hormat goýýarys. Biz Berdimuhamedow bilen ençeme gezek duşuşdyk. Ol häkimiýet başyna geçenden 6 aý soňra resmi sapar bilen Brýussele geldi. Ondan soň Türkmenistana eden saparlarymyzda we beýleki ýerlerde geçirilen duşuşyklarda dürli ugurlar boýunça pikir alyşmaga mümkinçiligimiz boldy.

Şol duşuşyklarda türkmenler ençeme gezek Ýewropa gaz satmaga taýyardyklaryny aýtdylar. Olaryň bu barada beren wadalary "Günorta Koridor" proýektini ýola goýmaga itergi berýän bir sebäpdir. Şunlukda biz türkmen kärdeşlerimiziň bu barada bize beren wadalaryna ynanýarys.

Azatlyk Radiosy: Käbir synçylaryň aýtmagyna görä, Türkmenistan Ýewropa ýakynlaşmak arkaly Orsýetiň gaharyny getirýär. Şeýle syýasat alyp baranlygy üçin Orsýet Türkmenistana basyşyny artdyrsa, Ýewropa Aşgabada nähili kömek edip biler?

Piýer Morel: Türkmenistan garaşsyz we bitaraplygy saýlap alan bir ýurtdur. Onuň maksady gaty anyk bolan energiýa syýasaty bar. Ol hem halkara bileleşiklere gatnaşman, öz gazyny serhedinde satmak, şeýle-de bu ugurdaky hyzmatdaşlarynyň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr.

Türkmenistan öz ýerasty baýlyklaryny özleşdirmek boýunça-da daşary ýurtlar we kompaniyalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny bildirip gelýär. Biz Aşgabadyň bu ugurdaky syýasatyna göz ýetirýäris. Aprelde Türkmenistandan Orsýete gaz akdyrylýan turbada öňden garaşylmadyk bir partlama boldy. Emma bu waka biziň Türkmenistan bilen bagly alyp barýan syýasatymyza öz täsirini ýetirmez. Biz energiýa boýunça düzülen plan esasynda hereket edýäris. Aşgabatdan gaz almak baradaky bu alada uzak möhletleýin bir proýektdir.

Ýene aýdylmaly bir zat, maý aýynyň 8-nde ”Günorta Koridor” boýunça geçirilen ýygnaga Orsýetiň energiýa ministriniň orunbasary hem gatnaşypdy.

Näme üçin? Sebäbi ”Günorta Koridor” proýektinde Orsýete garşy hiç zat ýok, bu diňe maliýe bähbitleri göz oňünde tutylyp düzülen we Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlary üzňelikden halas etmäge gönükdirilen proýektdir.
XS
SM
MD
LG