Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat we Gazprom gepleşik geçirer


Orsýetiň “Wremýa Nowosteý” gazetinde Türkmenistan Hytaýa we Eýrana tarap täze gaz geçirijileri ulanyp, Kreml hem “Gazprom” bilen söwda we syýasata degişli ençeme meseleler boýunça howlukman söwdalaşmakçy bolýar diýen çaklama öňe sürüldi.
Orsýetiň “Wremýa Nowosteý” gazetinde Türkmenistan Hytaýa we Eýrana tarap täze gaz geçirijileri ulanyp, Kreml hem “Gazprom” bilen söwda we syýasata degişli ençeme meseleler boýunça howlukman söwdalaşmakçy bolýar diýen çaklama öňe sürüldi.
Türkmenistan Orta Aziýa-Merkez gaz geçirijisindäki anyklaýyş işlerini tamamlady. Bu barada 18-nji sentýbarda geçirilen hökümet maslahatynda, hökümet baştutanynyň ýangyç-energetika pudagy boýunça orunbasary Baýrammyrat Hojamuhammedow hasabat berdi.

Munuň öz nobatynda Türkmenistan bilen Orsýetiň gaz söwdasy boýunça gepleşiklere dolanmagyna mümkinçilik berýänligi-de hökümet maslahatynda aýdyldy.

‘Degerli’ wekiller

Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine görä, ýurduň gaz geçiriji sistemasynda gözden geçiriş işleriniň tamamlanmagy bilen birlikde Türkmenistan bilen Orsýetiň “degerli wekilleri” arasynda geçirilen gepleşikler Orta Aziýa-Merkez gaz geçirijisiniň işlemegi üçin degişli tehniki meseleleriň ençemesini çözmäge mümkinçilik berdi diýip, TDH gullugynyň maglumatynda aýdyldy.

Türkmen telewideniýesinde görkezilen çykyşynda Türkmenistanyň prezidenti ýakyn günlerde türkmen-ors gepleşikleriniň geçiriljegini aýtdy. Hökümet maslahatynda G.Berdimuhamedow türkmen-ors energiýa hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň özara bähbitlerine gabat gelýänligini nygtady. Türkmen gazynyň Orsýete tarap eksporty şu ýylyň aprel aýynda Orta Aziýa-Merkez gaz geçirijisiniň Türkmenistana degişli böleginde emele gelen partlamadan soň togtadylypdy.

Öz nobatynda synçylar türkmen-ors gaz söwdasyndaky bökdençlikleriň diňe bir tehniki sebäpler bilen çäklenmän, onuň gazyň bahasyna, mukdaryna we gaz pudagyndaky käbir täze proýektleriň maliýeleşdirilmegine, hususan-da ýurduň Gündogar-Günbatar içerki gaz geçirijisiniň gurluşygyna Orsýetiñ gatnaşmagy barada taraplar arasynda dörän ylalaşyksyzlyklara bagly bolanlygyny aýdýarlar.

Iki täze gaz geçiriji

Häzirki wagtda Türkmenistan iki täze gaz geçirijisini işe girizmäge hem taýýarlyk görýär. 18-nji sentýabrda bolan hökümet maslahatynda ýakyn aýlarda täze gaz geçirijileriň işe giriziljegi hem aýdyldy. 15-nji dekabrda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi işe giriziler. 20-30-njy dekabr aralygynda bolsa Türkmenistandan Eýrana tarap gurulýan täze gaz turbasynyň hem açylyş dabarasy bolar. Täze gaz geçirijileriň işe girizilmeginiň, Türkmenistanyň gaz önümçiliginiň mukdaryny artdyrmagy we ony halkara bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmegi göz öňünde tutýan energiýa strategiýasy bilen bagly möhüm ädimdigini G.Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy barada 2006-njy ýylyň aprel aýynda ylalaşyk baglaşylypdy. Şertnamada turba arkaly ýylda 30 milliard kubometr gaz akdyrmak göz öňünde tutulypdy. Emma soňra gaz turbasynyň geçirijilik ukyby ýylda 40 milliard kubometre ýetirildi. Uzynlygy 7 000 kilometr çemesi turba Türkmenistanyň Amyderýanyň sag kenaryndaky gaz ýataklaryndan başlanyp, Özbegistanyň we Gazagystanyň üstünden Hytaýyň Guanju şäherine barýar.

“Gazprom” bilen gepleşik

Köp ýyllaryň dowamynda gaz eksportynda Orsýetiň gaz geçiriji sistemalaryna garaşly bolan Türkmenistanyň täze geçirijileri işe girizmegiň öňüsyrasynda “Gazprom” bilen gaz söwdasy boýunça gepleşik geçirmek niýetine näme sebäp bolup biler?

“Eurasia Transition Group” toparynyň müdiri Mişael Laubş şeýle pikirde: “Bir tarapdan, Prezident Berdimuhmedow energiýa serişdeleriniň eksportynyň Orsýet bilen gatnaşyklarynda möhüm rol oýnajagyny görkezmek isleýän bolmagy mümkin. Başga bir tarapdan, ol türkmen hökümetiniň gaz eksportynyň ugurlaryny üýtgetmäge ukyplydygyna we mundan beýläk Orsýete garaşly däldigine Kremliň ünsüni çekýär. Emma türkmen döwletiniň bähbitleri diňe energiýa söwdasynyň ugurlaryny üýtgetmek bilen çäklenmän, daşary gatnaşyklara we syýasata hem degişli diýip, hasap edýärin”.

Türkmenistanyň häzirki hereketleri onuň gaz hyrydarlary bilen söwdalaşmak niýetini görkezýär diýen çaklamalar hem öňe sürülýär.

Orsýetiň “Wremýa Nowosteý” gazetinde Türkmenistan Hytaýa we Eýrana tarap täze gaz geçirijileri ulanyp, Kreml hem “Gazprom” bilen söwda we syýasata degişli ençeme meseleler boýunça howlukman söwdalaşmakçy bolýar diýen çaklama öňe sürüldi. Maglumatda bellenişine görä, Moskwa bilen gepleşikler bolsa, öz nobatynda Aşgabadyň gaz söwdasynyň şertleri boýunça Pekin we Tähran bilen alyp barýan gepleşiklerinde gowy deňagramlylyk döreder.

Türkmenistanyň ençeme taraplar bilen gaz söwdasyny amala aşyrmaga ukyplydygyny resmi Aşgabat yzygiderli aýdyp gelýär. Emma Türkmenistanyň bir wagtda ençeme taraplara gaz satmaga bildirýän taýýarlygyna Günbatarda belli bir derejede şübheli garalýanlygyny Mişael Laubş belledi we Türkmenistanyň gaz ätiýaçlyklarynyň henize çenli doly anyk däldiginiň muňa sebäp bolýanlygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG