Sepleriň elýeterliligi

Owganystan üçin has köp esger soralýar


McKristal:"Şu mahala çenli Owganystanda gulluk edip gelýän halkara güýçler ruhy hem-de fiziki taýdan owgan halkyndan üzňe."

McKristal:"Şu mahala çenli Owganystanda gulluk edip gelýän halkara güýçler ruhy hem-de fiziki taýdan owgan halkyndan üzňe."

Owganystandaky Amerikan we NATO güýçlerine komandirlik edýän ABŞ-ly general Stanleý McKristal talyplara garşy urşda ýeňiş gazanmak üçin bu döwlete goşmaça esger iberilmeginiň zerurdygyny, onsuz ýeňşiň gijä galyp biljekdigini mälim etdi. Ol «Owganystandaky ýagdaýyň çynlakaýdygyny we talyplary ýeňmek üçin herekete geçmäge 12 aý möhletiň bardygyny-da sözüne goşup, ýogsa töwekgelçilige duçar bolunmagy ahmal» diýp, amarikan komandiri halkara koalisiýa güýçlerine duýduryş berdi.

«Prezident Obamanyň Owganystana goşmaça 21 müň esger ibermek baradaky kararyndan başga bu döwlete ýene-de harbylar iberilmeli diýip, general McKristal öz raportynda ýörite durup geçipdir. 21 müň esgeriň Owganystana barmagy bilen bu ýurtdaky amerikan harbylarynyň sany 68 müňe çenli baryp ýetjek. Geljek birnäçe hepdäniň dowamynda general McKristalyň bu barada resmi taýdan talap bilen çykyş etmegine garaşylýar.

Goşmaça esger ibermek meselesi

Owganystana goşmaça esger ibermek meselesine degip geçen prezident Obama telewideniýe arkaly eden çykyşynda bu barada şeýle diýdi: «Meniň esasy üns berýän meseläm – Amerikan halkyny we ýurduny goramak üçin näme etmelidigi. Häzirki prosesde Pakistanda we Owganystanda agyr ýagdaý höküm sürýär, diňe muny göz öňünde tutup, hem-de öz howpsuzlygymyzy gorap saklamak üçin dünýäniň niresinde bolsun, erkekdir aýallar ol ýere gitmeli diýdim» diýip, Amerikan prezidenti Obama ýörite durup geçdi.

“Harbylaryň sanyna üns bermezden ozal esasy soraga jogap berilmelidigi, ol hem strategiýanyň dogry işläp-işlemeýändigi hakyndaky soraga jogap” diýip, Obama sözüni şeýle dowam etdirýär: «Al-Kaidanyň ABŞ-a hüjüm etmäge bar bolan ukybyny ýok etmek üçin alyp barýan strategiýamyzyň we serişdämiziň nädereje biri-birine gabat gelşini deňäp, bolup geçýän ýagdaýa baha bermegimizi dowam etdireris» diýip, Amerikan prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi.

McKristal öz raportynda Owganystan boýunça strategiýada esasy bir özgerişligiň bolmalydygy hakda oýlanýandygyny beýan edipdir: «Şu mahala çenli Owganystanda gulluk edip gelýän halkara güýçler ruhy hem-de fiziki taýdan owgan halkyndan üzňe» diýip, general McKristal mälim etdi.
XS
SM
MD
LG