Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Nýu-Ýorka bardy


“Türkmenistan Altyn Asyr” Internet sahypasynyň düyn beren habaryna görä, duşenbe güni prezident Berdimuhamedow Nýu Ýorka bardy.

Ol BMG-nyň Baş assambleýasynyň 64-nji sessiýasyna gatnaşar. Onuň açylyşy 15-nji sentýabrda boldy. Emma, dünýä liderleriniň, hökümet baştutanlarynyň we Daşary işler ministrleriniň ýillik çykyşlary 23 we 30 njy sentiýabr aralygynda bolar diyip Internet sahypa ýazdy.

Türkmenistan BMG-nyň şu ýylky wekiller forumynyň wise-başlyklygyna saýlandy. Prezident Berdimuhammedow Nýu Ýorkdaky programmasynyň ilkinji güni Amerikanyň Döwlet sekretary Hillari Klinton, BMG-nyň Baş sekretary Ban Ki Mun we Hytaýyň lideri Hu Szintao bilen duşuşar diýip “Türkmenistan. Altyn Asyr” internet sahypasy habar berdi.

“Türkmenistan. Altyn Asyr” internet sahypasynyň düýn beren maglumatynda Çehiýanyň ýörite delegasiýasynyň Aşgabada barandygy hem aýdyldy. Bu delegasiýa türkmen-çeh biznes forumynyň şu gün Aşgabatda açylýan duşuşygyna gatnaşar.

Çehiýanyň delegasiýasy öz saparynyň dowamynda Mejlisde, Daşary işler minsitrliginde gepleşikler geçirer. Şeýlede olaryň Aşgabat şäher häkimliginde hem duşuşygy bolar.

Bu duşuşyklarda özara bähbitli türkmen-çeh hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada gürrüň ediler diýip “Türkmenistan. Altyn Asyr” internet sahypasy habar berdi.
XS
SM
MD
LG