Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Adam hukuklaryny goraýjylar Eýran babatda BMG-na çagyryş etdi


Adam hukuklaryny goraýan iki gurama Eýranda geçen dawaly prezidentlik saýlawlary bilen bagly ynsan hukuklarynyň gödek bozulandygy barada derňew geçiryän ýörite wekili bellemäge BMG-ny çagyrdy.

HRW guramasynyň we Eýranda adam hukuklary boýunça Halkara kompaniýanyň bilelikde aýtmagyna görä, 12-nji iýundaky saýlawlara garşy oppozisýanyň protestleri wagtynda azyndan 72 adamyň ölendigine ynanylýar.

Häkimiýetler bu saýlawlarda Ahmedinejadyň ýeňendigini yglan etdiler. Emma oppozisiýa saýlawlarda galplyklaryň bolandygyny habar berdi.

Ynsan hukuklaryny goraýan guramalar iýundan bäri Eýranda 4 müňden gowrak adam tussag edildi we 400 çemesi adam türmede oturýar diýdi.

Iki gurama häkimiýetleriň oppozisiýa garşy bikanun güýç ulanandygyny, tussaglaryň ýöňkelýän günäleri boýun almaga mejbur edilendigini, gynama we zorlama bilen bagly ençeme aýyplamanyň bardygyny habar berdi.

Eýranyň häkimiýetleri bu aýyplamalary esassyz diýip inkär etdi.


XS
SM
MD
LG