Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

100-den gowrak döwletiň lideri BMG-nyň yörite sammitinde duşuşar


Şu gün dünýäniň 100-den gowrak döwletiniň lideri BMG-nyň yörite sammitinde duşuşar.

Ol klimatyň üýtgemegine garşy göreş barada Global pakt boýunça ylalaşyga tarap möhüm hasaplanýar.

BMG-nyň Baş sekretary Ban Ki Munyň sözlerine görä, sammitiň maksady bu ugurda täze ylalaşygy goramak üçin global liderleriň syýasy erkini mobilizlemekden ybarat.

Dekabrda Kopengagende geçjek duşuşyk 1997-nji ýyldaky Kýoto ylalaşygynyň mirasdüşerini tassyklamaga kömek eder.

Resmileriň pikiriçe, şu günki sammit baý hem ösýän döwletleriň arasyndaky oňşuksyzlygy çözmäge kömek eder.

Şunlukda, Hytaý we Hindistan ýaly iri döwletler bu pakta goşular.
XS
SM
MD
LG