Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Özbektelefilm” täze seriallary halka hödürleýär


Özbegistanyň “Özbegistan” we “Ýaşlar” atly iki sany iri döwlet telekanallary 1-nji oktýabrdan başlap, azyndan 6 sany ýerli serialy tomaşaçylara hödürlemäge taýýarlyk görýärler.

Bu seriallary halka hödürlemek bilen Özbegistanyň döwlet kinostudiýasy bolan “Özbektelefilm” milli medeniýeti we gymmatlyklary ösdürmegi maksat edinýändigini öňe sürdi. Emma, tankytçylaryň pikiriçe, bu ideýanyň aňyrsynda ilatyň ünsüni syýasatdan we gündelik problemalardan sowmak islegi ýatyr.

Täze milli seriallar

Owal özbek telewideniýesinde bölekleýin görkezilen “Durmuşyň çatryklary” atly serialda ýerli tomaşaçylaryň ünsüni çekmegi mümkin zatlaryň gürrüňi edilýärdi.

“Meniň saňa galdyrar ýaly mirasym ýok. Sen entek meniň gözüm açyk wagty okap, sowatly bolsaň, maňa ýeterlik. Men ýetim bolandygym üçin okap bilmedim. Men seniň okamagyňy isleyärin. Eger men ölmänkäm, sen jemgyýetde hormatlanýan adam bolsaň, men bu dünyäden armansyz giderin, oglum” diýip, serialyň gahrymany aýdýar.

Telewideniýede “Öylenmedik sawçy ”, “Zenanlaryň dili” we “Gahryman bolmak arzuwy” atly täze seriallar görkeziler. Olaryň hersi 25 we 30 bölümden ybarat.

“Özbektelefilm” kinostudiýasynyň resmileriniň pikiriçe, 90-njy ýyllardan bäri daşary ýurt seriallarynyň köp görkezilendigi sebäpli özbek tomaşaçylaryna öz milli seriallaryny özleşdirmegiň başda kyn bolmagy ahmal.

“Özbektelefilmiň” başlygy Feruza Turahojaýewanyň Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna aýtmagyna görä, şol seriallary ýerli kinolara çalyşmagyň wagty ýetipdir. “Biz öz medeniýetimize we däp-dessurlarymyza, milli kimligimize täsir etjek teleseriallary döretmek isleýäris. Eyse, biz haçana çenli koreý ýa türk medeniýetini öwrenmeli? Biz öz medeniýetimiziň hem waspyny etmeli.

Mysal üçin, ”Öylenmedik sawçy” atly täze serialda biziň toýlarymyz, öýlenmek, gowy goňşuçylyk we beýleki däp-dessurlarymyz, medeniýetimiz barada gürrüň edilýär” diýip, Turahojaýewa radiomyza aýtdy.

“Göz ýummakdan yabarat”

Emma, käbirleriniň pikiriçe, “Özbektelefilmiň” seriallarynyň maksady ähli zady gülala-güllük edip görkezip, sosial hem ykdysady hakykatlara “göz ýummakdan” ybarat.

Belli özbek ýazyjysy we öňki kinorežissýor Olim Otahonyň Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna aýtmagyna görä, täze seriallarda Özbegistandaky durmuş hakykatynyň görkezilmegine garaşmaly däl. Çünki ýurtda sensura bar we metbugat azatlygy ýok.

“Özbegistanda diňe üç temadan teleseriallary goýmak mümkin. Olar asla bolmadyk meseleler, kosmosdaky ýaşaýyş we hyýaly zatlar. Başga haýsy-da bir temanyň golaýyndan barmak mümkin däl” diýip, Otahon belledi.

Emma daşkentli weteran žurnalist Şaraf Ubaýdulloýew “Özbektelefilmiň” inisiatiwasyna gowy baha berdi. Ýöne ol özbek tomaşaçylaryna hödürlenýän täze seriallarda ilatyň gündelik durmuşynda ýüzbe-ýüz bolýan işsizlik, korrupsiýa, aýratyn-da, birnäçe million zähmet migrantlarynyň we olaryň maşgalalarynyň ýagdaýlary bilen bagly problemalara üns berilse, has gowy boljakdygyny sözüne goşdy.

“Eger “Özbektelefilmiň” seriallary halkyň durmuşyna esaslansa, onda hakyky we doly kartina bolar. Ýogsam bolmasa, bu seriallar uzak ýaşamaz” diýip, daşkentli belli ýazyjy Şarof Ubaýdollaýew Azatlyk Radiosynyň özbek gullugyna beren interwýusynda aýtdy.
XS
SM
MD
LG