Sepleriň elýeterliligi

Fransiýadaky bosgunlar basyş astynda


Fransuz polisiýa güýçleri Kale şäheriniň golaýyndaky boşlukda ýerleşýän bosgunlar lagerindäki çadyrlary ýykmak üçin bardy, 22-nji sentýabr, 2009 ý.

Fransuz polisiýa güýçleri Kale şäheriniň golaýyndaky boşlukda ýerleşýän bosgunlar lagerindäki çadyrlary ýykmak üçin bardy, 22-nji sentýabr, 2009 ý.

Fransiýanyň hökümeti Kale şäheriniň golaýyndaky boşlukda ýerleşýän bosgunlar lagerini şu hepdede ýapjakdygyny yglan etdi. “Harabalyk” diýlip atlandyrylýan bu ýerde ýüzlerçe migrant we gaçybatalga gözleýän adamlar, Britaniýa aşmak uçin amatly pursat doreýänça, wagtlaýyn ýerleşýärler. Olaryň köpüsini Owganystandan we Yrakdan gaçyp çykan adamlar emele getirýärler.

Öz nobatynda Britaniýanyň hökümeti Fransiýa basyş edip, bosgunlaryň Britaniýa geçmeginiň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirmegi talap etdi. Kale şäheriniň ýaşaýjylary hem lageriň ýapylmagyny talap edýärler we lagerde ýaşaýanlaryň bu taýda jenaýatçylyk derejesiniň ýokarlanmagyna sebäp bolanlygyny aýdýarlar.

Fransiýanyň Immigrasiýa ministri Erik Bessonyň aýtmagyna görä, bosgunlar tussaghanalara salnyp, soňam gaçyp gaýdan ýurtlaryna gaýtarylar. Fransuz resmisiniň bu duýduryşy köpleri özlerine wagtlaýyn pena bolan lageri terk edip, gizlenmäge mejbur etdi.

Ýardammy ýa-da öňüni alyş?

Human Rights Watch guramasyndan Judith Sunderland Ýewropanyň hökümetleri Yrak we Owganystan ýaly döwletlerden baran bosgunlara ýardam bermeli diyip, hasap edýär. Muňa derek Italiýa we Gresiýa ýaly döwletleriň hökümetleri migrantlaryň Ýewropa Bileleşigine barmagynyň we başpena soramagynyň öňüni almak ugrunda aýgytly hereket edýärler diýip, Sunderland aýdýar. Onuň bellemegine görä, Fransiýanyň hökümetiniň Kale şäherindäki lagerleri ýok etmek boýunça tagallalary başpena soraýan adamlaryň ýüzlenmelerini ret etmekden daşgary, migrantlaryň Ýewropa Bileleşigine gelmeginiň hem öňüni almak maksadyny göz öňünde tutýar.

Human Rights Watch guramasynyň çagalaryň hak-hukuklary boýunça wekili Simon Trolleriň Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, migrantlar Fransiýadan Gresiýa iberilen ýagdaýynda-da olaryň pena ýa kanuny gorag tapjagy gümana. Gresiýada bosgunlaryň kanun taýdan ýardam tapmak şanslarynyň örän ujypsyzdygyny Simon Troller belledi.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň köpüsi Kale şäheriniň golaýyndaky lageriň dargadylmagy ýagdaýy hasam ýaramazlaşdyrar diýip, hasap edýär we migrantlary gizlenmäge mejbur edýän çäreleriň şu ýylyň iýul aýynda Gresiýada ýüze çykan krizisiň Fransiýada hem gaýtalanmagyna sebäp bolup biljegini duýdurýar. Grek häkimiýetleri şonda Patra portunyň golaýyndaky wagtlaýyn bosgunlar lagerini dargadypdylar.

Puja çykan umyt

Owganystanly bosgun Mirza Mohammad Patradaky lagerde ýaşan we lager ýapylanda gaçyp gizlenen ýüzlerçe owganystanlylaryň biri. Adam gaçakçylaryna pul toläp töwekgelçilikli syýahaty başdan geçirip, Gresiýa ýetende özüniň has gowy durmuşa bolan umytlarynyň zym uçan ýaly bolanlygyny Mirza gürrüň berdi.

“Men Gresiýa gelip, ýagdaýy öz gözüm bilen görenimde, dünýäniň bu böleginde näçe köp işleseň-de, pul gazanmagyň näderejede kyndygyna göz ýetirdim. Ýewopa aşmak örän kyn, emma bu ýere aşansoňam, owganlar gaty köp ejir çekýärler” diýip, owganystanly Mirza Mohammad aýtdy.

Owgan bosgunlarynyň sözlerine görä, Gresiýada başpena tapmak kyn bolansoň, köpler Ýewropa Bileleşiginiň beýleki döwletlerinde, şol sanda Britaniýda özlerine başgaça çemeleşiljegine umyt baglaýarlar.

Ortaýer deňiz döwletleriniň Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň wekili Peter Schattzer migrasiýa prosesini Owganystanda hem Eýranda başlanýan we Türkiýäniň hem Gresiýanyň üstünden geçip, Italiýany hem Fransiýany öz içine alýan hem Britaniýada tamamlanýan köp halkaly zynjyra meňzetdi.

Ýewropa Bileleşigi bosgunlar meselesini çözmekde ýurtlar arasynda deňagramlylygy üpjün etmek üçin has adalatly kanunyň üstünde işleýär. Bileleşigiň Daşary işler ministrleriniň oktýbar aýynyň aýagyna bellenen duşuşygynda bu ugurda täze syýasatyň geňeşilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG