Sepleriň elýeterliligi

Rewolýusion gwardiýanyň ýitirjek zady köp


Ruhany Ali Saedi (sagda) Eýranyň Ruhy lider Ali Hameneýiniň Rewolýusion gwardiýakady wekili.

Ruhany Ali Saedi (sagda) Eýranyň Ruhy lider Ali Hameneýiniň Rewolýusion gwardiýakady wekili.

Eýranda geçirilen prezidentlik saýlawlaryndan soňra dörän bidüzgünçilikleri basyp ýatyrmak, yslam rewolýusiýasyny goraýan gwardiýanyň rol oýnamagy we bu harby guramanyň syýasatda bitaraplygy saklamaýanlygy netijesinde dura-bara ozalky sylag-hormatyny elden beryär diýip, käbir analitikler aýdýar.

Rasool Nafisi

"Rewolýusion gwardiýanyň" diňe bir harby güýç bolup galmajagy ilkibaşdan hem anykdy. Ol öňki režimiň harbylary ýaly däl, üstesine-de “Rewolýusion gwardiýa” yslam režimini goramak üçin ideologik institut, mundan başga-da, ýurduň esasy kanunynda, “Rewolýusion gwardiýa” parahatçylyk döwürde ykdysady we magaryf işleri bilen meşgullanýar diýlen hukuk berlen.

Dikeldiş işlerindäki orny

1980-88-nji ýyllar aralygyndaky Eýran-Yrak urşundan soňra ýumrulan obýektleri dikeltmek we düýpli gurluşuk işlerini alyp barmakda “Rewolýusion gwardiýanyň” ykdysadyýet we dikeldiş işlerinde esasy rol oýnandygyna şübhe ýok.

Uly möçberdäki proýektleri amala aşyrmak üçin tehniki kadrlary hem-de ekspertleri tiz toplamagy başaranlygy üçin ýurtda “Rewolýusion gwardiýa” minnetdar boldular. Şondan soň “Rewolýusion gwardiýa” tiz wagtyň içinde ykdysady taýdan uly işewürler toparyna öwrülip, ähli ykdysady pudaklarda, şol sanda nebit senagatynda, oba hojalykda, ýol gurluşygynda, howa meýdanlaryny abadanlaşdyrmakda we suw bentlerini gurmak ýaly işlerde-de täsirini has giňden ýaýradyp başlady.

Ykdysady we söwda-biznes işleri

“Rewolýusion gwardiýanyň” ykdysady we söwda-biznes işleri bilen meşgullanýandygy hakyndaky habar 2000-2004 ýyllar aralygynda ýurduň mejlisiniň başlygy bolan we häzir “Ýaşyllar” hereketine ýolbaşçylyk edýän M.Karrubi tarapyndan ýokary derejede orta atyldy.

Karrubi ýurduň günorta portlarynda bikanun import-eksport işleri üçin deňiz kenaryndaky 60 sany gämi duralgasyna “Rewolýusion gwardiýanyň” kontrolluk edýändiginiň üstüni açdy. Başga bir deputat bolsa, ýurda bikanun getirilýän ähli harytlaryň üçden bir bölegine “Rewolýusion gwardiýanyň” gözegçilik edýändigini we onuň bilen baglanyşygynyň bardygyny mälim etdi.

Syýasy hereketlere täsiri

“Rewolýusion gwardiýa” syýasy hereketlere-de öz täsirini ýetirip gelýär. Mysal üçin, 2004-nji ýyldaky parlament saýlawlarynda bu harby gurluş öz adamlarynyň hem öz kiçi şahalary bolan Besij toparyndan birgiden adamynyň mejlise girmegine mümkinçilik döretdi.

Şonuň ýaly-da 2005-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlarynda-da özleriniň owalky agzasy Mahmud Ahmadinejadyň ýeňiş gazanmagynda güýçli rol oýnady. Bu ýeňiş, elbetde, ýokary derejeli diniň goldawy bilen gazanylypdy. Bu ýeňişler reformaçylaryň hereketiniň gowşamagyna alyp geldi.

Häzirki protest hereketlerine ýolbaşçylyk edip gelýän Mehdi Karrubi “Rewolýusion gwardiýanyň” bikanun işlerine garşy tankydyny güýçlendirip, onuň başlygynyň tussag edilmegine çagyrdy. Eýranyň görnükli ruhany liderlerinden Aýatolla Montezeri-de “Rewolýusion gwardiýany” tankyt edip ugrady.

Ideologiýanyň syýasatdaky täsirine-de degip geçen Nafisi Pakistan bilen Eýrany deňeşdirýär: «Bu iki ýurtda dini ideologiýa höküm sürse-de, Eýrana garaňda Päkistan köpräk demokratik ýurt, sebäbi ol ýurtda sudýa özbaşyna hereket edip bilýär» diyip, bu eýranly bilermen aýdýar.

Indi Eýranda ne yslam, ne-de respublika, belki diktatorçylyk höküm sürýär diýip, Monterzie ýörite belläp geçipdir.

Rasool Nafisi akademik we Eýran boýunça ekspert. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG