Sepleriň elýeterliligi

Eýranda parad wagty bir harby uçar ýere gaçdy


Şu gün Eýranyň resmi habar serişdeleri Tähranyň golaýynda harby parad wagtynda bir harby uçaryň ýere gaçandygyny habar berdiler.

Maglumata görä, wakada azyndan ýedi adam ölüpdir. Eýranyň resmi «IRNA» agentligi Tähranyň günortasyndaky harby parada gatnaşan bu uçaryň ol ýerdäki Wali Abad diýen obanyň territoriýasyna gaçandygyny habar berdi.

Ýöne uçaryň anyk gaçan ýeri baradaky bu maglumaty häzirlikçe beýleki çeşmeler tassyklamadylar.
XS
SM
MD
LG